Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Russiýanyň Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda 9-njy maýy 'Ýewropa güni' yglan etdi


Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Ukrainada 9-njy maýy "Ýewropa güni" hökmünde bellemek baradaky kanun taslamasyny resmi ýagdaýda parlamente tabşyrandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, Ukrainada 8-nji maýda Ýeňiş güni "faşizmiň ýeňlen we hatyralama güni" hökmünde belleniler.

Russiýa 9-njy maýda Ikinji Jahan urşunyň Ýeňiş gününi belleýär.

Öňki sowet respublikasy bolan Ukraina, 2015-nji ýyldan bäri ýaranlarynyň Ikinji Jahan urşundaky ýeňşini 8-nji maýda we 9-njy maýda belleýärdi.

8-nji maýda Ukraina Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi bilen birlikde Ýeňiş gününi belläninde, Zelenskiý wideo beýanatynda Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýasynyň ýeňlişi ýaly rus güýçleriniň hem ýeňiljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG