Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki garagalpak aktiwistine, protestler sebäpli, gaýybana ýyl kesildi


Adam hukuklary aktiwisti Amanbaý Sagidullaýew
Adam hukuklary aktiwisti Amanbaý Sagidullaýew

Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň bosgunlykda ýaşaýan iki aktiwisti, geçen ýyl Garagalpagstanyň paýtagty Nukusda bolan köpçülikleýin protestler sebäpli, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat sekretary Aziz Obidow 10-njy maýda Amanbaý Sagidullaýewiň we Nietbaý Orazbaýewiň Özbegistanyň konstitusiýa düzgünini bozmak synanyşygy, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramak, jemgyýetçilik howpsuzlygyna we bedene zyýan ýetirmek wehimini salýan materiallary paýlamak aýyplamalary esasynnda, degişlilikde 18 ýyl we 12 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýtdy.

Sagidullaýew prezident Şawkat Mirziýoýewa hüjüm etmek synanyşygynda-da günäkär tapyldy.

Garagalpagstanyň Alga (Öňe) hereketiniň lideri bolan 55 ýaşly Sagidullaýew häzirki wagtda Norwegiýada bolup, ol ýerde syýasy gaçybatalga aldy. 53 ýaşly Orazbaýewiň häzirki wagtda Gazagystanda ýaşaýandygy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG