Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Wagneriň” hojaýyny öz nökerleriniň şindem ýeterlik ok-däri almangyny aýdýar


“Wagner” toparyň başlygy Ýewgeniý Prigožin
“Wagner” toparyň başlygy Ýewgeniý Prigožin

Hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin mundan öň eden şikaýatlaryny ýene bir gezek gaýtalap, gündogar Bahmut şäherinde ukrain ýaragly güýçleriniň görkezýän garşylygyny böwüsmäge çalyşýan nökerleriniň Russiýanyň Goranmak ministrliginden ýeterlik ok-däri almaýandygyny aýtdy.

Prigožin 10-njy maýda telegramda ýerleşdiren audio beýanatynda öz bölümleriniň zerur ok-därileriň diňe 10 göterimini alýandygyny aýtdy. Ol Goranmak ministrligini “Wagnere” ok-däri ýetişdirmek barada ‘bäş-10 sagada çekýän’ uzak ýygnak geçirmekde aýyplap, olaryň hiç hili netije bermeýändigini öňe sürdi.

"Meniň [öňki] haýyşlarymdan soň, Goranmak ministrligi biziň ähli talabymyza seretmek barada buýruk aldy, ýöne býurokratiýa sebäpli, bu mesele gaty haýal çözülýär" diýip, Prigožin aýtdy.

Goranmak ministrligi Prigožiniň soňky beýanaty barada hiç hili düşündiriş bermedi, ýöne Kreml birnäçe sagat öň Prigožiniň bir gün öň eden açyk ýüz tutmasyny görmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG