Ukraina Günbatar ýurtlaryndan 200 kilometrden gowrak aralykdaky nyşanalary urup bilýän ganatly raketalary aldy diýip, CNN habar gullugy çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Ukrainanyň bu hili raketalary ilkinji gezek alýandygy aýdylýar.
Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, Kiýew Angliýadan häzirki zaman “Storm Shadow” ganatly raketalaryny aldy.
Ukrain goşuny şu wagta çenli Günbatardan diňe 80 kilometre çenli aralykdaky nyşanalara hüjüm edip bilýän ýaraglary alypdy diýip, CNN belleýär.
Ukraina konfliktiň dowamynda öz ýaranlaryndan has uzak aralyga ýetýän raketa ulgamlary bilen üpjün edilmegini sorap geldi, ýöne bu ret edildi.