Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana gelmeli 1 mlrd dollarlyk önüm Russiýada 'ýitdi'


Ermenistandaky, Gazagystandaky we Gyrgyzystandaky kompaniýalaryň Ýewropa Bileleşigindäki hyzmatdaşlaryndan satyn alan 1 milliard dollarlyk töweregindäki harytlary Russiýanyň üstünden geçirilende ýitirim boldy diýip, “Financial Times” gazeti 10-njy maýda habar berdi.

Gazetiň ýazmagyna görä, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agzalary bolan we Russiýa bilen işjeň söwda hyzmatdaşlygyny edýän ýurtlara iberilen 2 milliard dollarlyk “näzik” harytlaryň ýarysy tapylmaýar.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar Moskwa Ukraina goşun süreli bäri Russiýada müňlerçe kärhana we şahslara garşy sanksiýa girizip, Russiýany täze söwda mümkinçiliklerini tapmaga mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG