Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý, Germaniýa Ukraina üçin 3 milliard dollarlyk harby kömek yglan eden mahaly, Rime bardy


Ukrain esgerleri 12-nji maýda Bahmutyň golaýynda top atýarlar.
Ukrain esgerleri 12-nji maýda Bahmutyň golaýynda top atýarlar.

Germaniýa Ukraina üçin 3 milliard dollarlyk harby kömek yglan eden mahaly, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 13-nji maýda Rime bardy. Germaniýanyň bu harby kömegi Russiýanyň Ukraina esassyz çozuşy başlany bäri Kiýewe beren iň uly ýardamydyr.

Zelenskiýniň sapary, Russiýa Kiýewiň üstüne ýene bir pilotsyz uçaryň howa zarbasyny başladyp, Ukrainanyň merkezi we günortasyndaky şäherleri bombalap, maddy zyýan ýetirmeginden gysga wagt soň boldy. Bu waka, Ukrainanyň ençeme aý bäri ýiti çaknyşyklaryň dowam edýän şäheri Bahmutda käbir üstünlikler gazanandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna hem gabat geldi.

Zelenskiý Twitterde ýazan maglumatynda saparynyň dowamynda prezident Serjio Mattarella, premýer-ministr Jorjiýa Meloni we Rim papasy Fransis bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Rim papasy geçen aý žurnalistlere beren maglumatynda Watikanyň Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen ýüze çykan konflikti soňlamaga synanyşmak ugrundaky parahatçylyk missiýasyna gatnaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG