Ukraina bilen serhetleşýän Braýansk sebitinde Russiýanyň azyndan bir söweş uçary we harby dikuçary heläkçilige uçrady. TASS bu habary Russiýanyň gyssagly kömek gullugyna salgylanyp berdi.
Biraz soň, Russiýanyň "Kommersant" gazeti 13-nji maýda Russiýanyň SU-35 uçarynyň we ikinji Mi-8 dikuçarynyň hem heläkçilige uçrandygyny habar berdi, ýöne bu habary bada-bat tassyklap bolmady.
“Kommersant” SU-34, SU-35 uçarlarynyň we iki sany Mi-8 dikuçarynyň howa toparyna degişli bolup, Braýank sebitinde tasdan "şol bir wagtyň özünde urlup ýykylandygyny" aýtdy.
“Kommersant” özüniň urlup ýykylandygyny aýdan dört uçarynyň hakykatdan hem urlup ýykylandygyny tassyklaýan subutnama görkezmedi, ýöne bu hili mazmunly habarlary Russiýanyň başga-da birnäçe harby blogçysy ýaýratdy.
“Baza” telegram kanaly jemi dokuz adamyň - iki sany Mi-8 dikuçarynyň we SU-34 we SU-35 uçarlarynyň ekipaž agzalarynyň öldürilendigini habar berdi.
Eger-de uçarlaryň hakykatdan hem urlup ýykylandygy tassyklansa, bu ukrain harbylary üçin uly öwrülişik we Kreml üçin gaty aýyp bolar.
Russiýanyň TASS habar gullugy ikinji uçaryň we ikinji dikuçaryň ýykylandygy baradaky habarlary agzamady.