Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan prezident saýlawlarynda öňe saýlanýar. Sesleriň sanalmagy dowam edýär


Saýlaw plakaty
Saýlaw plakaty

Türkiýäniň prezidenti, ýurduny 20 ýyl bäri barha berk gözegçilikde saklaýan Rejep Taýyp Erdogan, deslapky netijelere görä, prezident saýlawlarynda biraz öňe saýlanýar.

Sesleriň sanalyp gutarylmagyna golaýlamagy bilen, “Anadolu” döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Erdogan 49,3% ses, onuň esasy garşydaşy, oppozisiýa lideri Kemal Kylyçdaroglu 45 göterim ses aldy.

Sesleriň sanalmagy dowam edýär. “Roýters” habarlar gullugynyň bellemegine görä, ilkinji netijeleriň Erdogan üçin amatly bolmagyna garaşylýar, sebäbi olaryň ep-esli bölegi konserwatiw, oba sebitlerine degişli.

Şol bir wagtda, türk oppozisiýasyndaky çeşmeler Kylyçdaroglunyň azajyk artykmaçlyk ýeňiş gazanmagyna garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Türkiýe 14-nji maýda parlament saýlawlaryny hem geçirdi.

Ýokary saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmet Ýener bazar güni geçirilen ses berişligiň kadaly, ýagny netijelere ýaramaz täsir edip bilkek ýagdaýlaryň bolmazlygynda geçendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG