Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 15-nji maýda premýer-ministr Rişi Sunak bilen gepleşik geçirmek üçin Londona barjakdygyny aýtdy.
"Bu gün - London. Angliýa biziň ýerdäki we howadaky mümkinçiliklerimizi giňeltmek meselesinde lider bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk bu günem dowam eder" diýip, Zelenski telegramda aýtdy. "Dostum Rişi bilen duşuşaryn. Biz ýüzbe-ýüz we wekilleriň gatnaşmagynda düýpli gepleşikleri geçireris" diýip, ol aýtdy.
Zelenski mundan öň Italiýada, Fransiýada, Germaniýada bolup, hepde ahyrynda eden saparlarynda täze harby kömek wadalaryny aldy.