Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaz ýatagyndaky işçileriň iş taşlaýşy sebäpli, Eýran sekiz adamy tussag etdi


Eýranyň Günorta Pars/Demirgazyk Gümmez ýatagy dünýädäki iň uly gaz gorlaryna eýe bolup, onda 40,000 töweregi adam işleýär.
Eýranyň Günorta Pars/Demirgazyk Gümmez ýatagy dünýädäki iň uly gaz gorlaryna eýe bolup, onda 40,000 töweregi adam işleýär.

Eýran häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky esasy gaz meýdançasynda işçileriň iş taşlamagyna "ýolbaşçylyk eden" sekiz adamy tussag etdi diýip, ýerli metbugat 14-nji maýda habar berdi.

"Günorta Pars taslamasyndaky iş taşlaýşyň sekiz esasy ýolbaşçysy aňtaw gullugy tarapyndan tussag edildi" diýip, ýerli häkimiň orunbasary Akbar Pourat aýtdy.

“Tasnim” habar gullugynyň maglumatyna görä, Eýranyň Katar bilen bilelikde özleşdirýän Günorta Pars/Demirgazyk Gümmez ýatagy dünýädäki iň uly gaz gorlaryna eýe bolup, onda 40,000 töweregi adam işleýär.

XS
SM
MD
LG