ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy (MAG) Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşundan we prezident Wladimir Putiniň dolandyryşy astyndaky durmuşdan lapykeç ýa gaharly bolan russiýalylara ABŞ-nyň aňtaw gullugy bilen gizlin we ygtybarly ýagdaýda möhüm maglumatlary paýlaşmak usullaryny görkezýän wideo ýaýratdy.
"Merkezi aňtaw gullugy Russiýa baradaky hakykaty bilmek isleýär we biz bu hakykaty aýdyp biljek ygtybarly adamlary gözleýäris" diýip, wideoda aýdylýar.
"Siziň maglumatyňyz pikir edişiňizden has gymmatly bolup biler" diýip, wideoda aýdylýar.
Bu wideo YouTube, Twitter, Instagram we Facebook ýaly, beýleki sosial media platformalarynda hem paýlaşyldy.