Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen hyzmataşlygy maslahatlaşdy


Prezident Serdar Berdimuhamedow 
Prezident Serdar Berdimuhamedow 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeldi kabul etdi.

Myhman Parlament Assambleýasynyň Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

16-njy maýda Aşgabatda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde gurnalandygy aýdylýar.

Serdar Berdimuhamedow duşuşykda bu çäräniň häzirki döwürde ýüze çykýan wehimleri ýeňip geçmekde bitaraplygyň eýeleýän ornuna bagyşlanýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli parlamentara gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

XS
SM
MD
LG