Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri güman edilýän terrorçynyň öldürilendigini aýdýarlar


Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Marat Imankulow
Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Marat Imankulow

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň 17-nji maýda ýurduň demirgazygyndaky Çuý sebitiniň Yssyk-Ata etrabynyň Dmitriýewka obasynda terrorçylykda güman edilýän ýaragly adamy öldürendigini aýtdy.

"Güman edilýän adam tussag edilmegine berk garşylyk görkezdi. Ol Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk komitetiniň ýörite bölümleriniň işgärleri tarapyndan geçirilen ýörite operasiýada ýok edildi” diýip, beýanatda aýdyldy, ýöne goşmaça maglumat berilmedi.

Aýdylmagyna görä, howpsuzlyk ministrlikleriniň ýokary derejeli resmileri häzir bu wakany derňemek bilen meşgul.

Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Marat Imankulow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Dmitriýewkada bolan wakadan soň ýagdaýyň ‘durnuklydygyny’ aýtdy, ýöne geçirilen operasiýa barada başga maglumat bermekden saklandy.

Saglyk ministrligi ýörite operasiýa wagtynda hukuk goraýjy edaralaryň iki işgäriniň ýaralanandygyny, olaryň biriniň bilçanagyndan ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Gyrgyz musulmanlarynyň Ruhy müdirligi gürrüňi edilýän ýörite operasiýanyň gyzlar üçin gurlan ýerli yslam mekdebiniň we obanyň dolandyryş edaralarynyň binalarynyň golaýynda bolup geçendigini, okuwçylaryň hiç birine şikes ýetmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG