Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Ýaponiýa sapar eder. Russiýa ukrain şäherlerini nyşana tutýar


Russiýanyň güýçleri şu aýyň başyndan bäri Kiýewe azyndan 10 gezek zarba urdular
Russiýanyň güýçleri şu aýyň başyndan bäri Kiýewe azyndan 10 gezek zarba urdular

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýaponiýada dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň G-7 toparynyň sammitine gatnaşmak üçin ýola düşýär diýip, ukrain howpsuzlyk güýçleri 19-njy maýda habar berdiler. Bu aralykda, Russiýa Ukrainanyň şäherlerine garşy howa we raketa zarbalaryny urmagyny dowam etdirýär. Şeýle-de, Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň ugrundaky gazaply çaknyşyklar görnüşinden petige dirändigine meňzeýär.

Öten agşam Kiýewe Eýranda öndürilen dronlar bilen ýene hüjüm edildi. Bu şu aýyň başyndan bäri paýtagta edilen 10-njy hüjüm boldy. Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popkonyň 19-njy maýda beren maglumatyna görä, paýtagta gönükdirilen dronlaryň ählisini howa hüjüminden goranyş ulgamy arkaly urmak başardypdyr.

“Bu taktika bilen, Kreml biziň howa hüjüminden goranyş ulgamymyzy tapdan düşürmäge synanyşýar. Ol munuň bilen parahat ilata psihiki taýdan hem täsir etjek bolýar” diýip, Popko belledi.

Mundan başga-da, Ukrainanyň howa goranyş gullugy 19-njy maýda öten gije atylan 16 drony we bir ganatly raketany urup düşürendigini mälim etdi. Munuň bilen bagly, anyk ýer atlary aýan edilmedi.

Partlamalaryň sesleri günbatardaky Lwiw we günorta-gündogardaky Krywiý Rih şäherlerinde hem eşidildi. Munuň netijesinde ýeten zyýan barada bada-bat maglumat elýeterli bolmady. Ýöne partlamalar barada habar beren Krywiý Rihiň häkimi Oleksandr Wilkul ýaşaýjylary öňüni alyş çäreleri amal etmäge çagyrdy.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Harkiw regionlarynyň resmileriniň 19-njy maýda beren maglumatyna görä, Russiýanyň mundan bir gün öň uran zarbalary netijesinde asuda ilatyň arasyndan üç adam heläk bolupdyr we 16-sy ýaralanypdyr.

Donetskiň regional administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kyrylenko sebitde iki adamyň ölendigini we başga-da dokuzsynyň şikes alandygyny aýtdy.

Harkiwiň çägindäki bir oba atylan raketanyň netijesinde bir adam öldi we ikisi ýaralandy diýip, sebitiň regional häkimi Oleh Synýehubow aýtdy.

Ukrainanyň resmileri Zelenskiniň şu hepde soňy Ýaponiýanyň Hiroşima şäherinde geçiriljek G-7 toparynyň sammitine gatnaşjakdygyny mälim etdiler. Onuň dowamynda Russiýa garşy täze gadagançylyk çäreleriniň maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Zelenski sammitiň 21-nji maýda geçiriljek üçünji we soňky gününe gabat maslahata geler. Bu barada sammitiň taýýarlyk işlerine çekilen ýokary derejeli atlandyrylmadyk iki ukrain resmisi Reuters gullugyna maglumat berdi.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň front çyzygy boýunça 39 raketa we şonça-da howa hüjümlerini, şeýle-de raketa ulgamlaryndan 50 zarbany amala aşyrdy. Bu barada Ukrainanyň harbylary 19-njy maýda irden habar berdiler.

Esasy söweş hereketleri gündogardaky Bahmut şäheriniň gözegçiligi üstünde barýar. Emma munuň bilen bagly haýsy tarapyň ýeňiş gazanjakdygy entek belli bolmady.

“Duşman özüniň esasy ünsüni henizem Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka front çyzygyna gönükdirýär. Soňky günüň dowamynda bu ýerde 29 söweş çaknyşygy boldy. Iň gazaply söweş Bahmutda we Marýinkada alnyp barylýar” diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 19-njy maýda beren gündelik brifinginde aýdylýar.

Waşingtonda, Pentagonyň metbugat wekili mundan birnäçe gün ozal Russiýanyň howa hüjümi netijesinde zeper alan Patriot howa hüjüminden goranyş ulgamynyň bejerilendigini mälim etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG