Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa 500 ABŞ raýatyna, şol sanda öňki prezident Obama garşy gadaganlyk girizdi


ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Birleşen Ştatlaryň Moskwa garşy yglan eden soňky sanksiýalaryna jogap edip, 500 töweregi ABŞ raýatynyň, şol sanda öňki prezident Barak Obamanyň ýurda girmegini gadagan etdi.

Ministrlik gadagan edilenleriň arasynda diňe bir “tanymal adamlaryň” däl, eýsem, “ýerine ýetiriji häkimiýetiň dürli derejelerdäki häzirki ýolbaşçylarynyň” hem bardygyny aýtdy. Rus DIM-i Waşingtonyň “duşmançylykly” hereketlerine garşy “berk gaýtargy” bermegiň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Biraz öň, Waşington, G7 ýaranlary bilen bilelikde, Russiýanyň Ukraina ýowuz çozuşyny jezalandyrmak üçin Moskwa garşy täze çäreleri yglan etdi.

XS
SM
MD
LG