Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşuna alnanlaryň garyndaşlary esgerleriň hakyna tutulanlar tarapyndan 'satyn alnandygyny' aýdýarlar


Bahmut görnüşi
Bahmut görnüşi

Hakasiýadan, Altaý sebitinden we Russiýanyň Kemerowo sebitinden mobilizlenenleriň garyndaşlary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we Goranmak ministri Sergeý Şoýga wideoýüzlenme iberdiler.

Olar goşuna alnan we taýýarlyk okuwlaryny geçmezden Bahmut ugrundaky söweşlere iberilen esgerleriň yzyna çykarylmagyny soraýarlar diýip, “Sibir.Realyklary” neşiri habar berýär.

“Raboçaýa demokratiýa” YouTube kanalynda çap edilen ýüzlenmäniň awtorlary 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda mobilizlenenleriň Omsk okuw meýdançasyna iberilendigini gürrüň berdiler. Goşuna çagyrylanlara ol ýerde tälim berilmelidi. Ýöne, garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, tälim okuwlary formal boldy we söweşijilere ýarag ulanmagy öwretmediler.

Noýabr aýynda anneksiýa edilen Krymda bir hepdelik okuwa, mart aýynda bolsa Kerçdäki türgenleşik meýdançasyna äkidip, bir hepdelik hüjüm türgenleşigi geçirildi diýip, goşuna alnanlaryň garyndaşlary aýtdy.

5-nji aprelde goşuna alnan 501 adam Ukrainanyň Russiýanyň gözegçiligindäki Luhansk sebitiniň çägine äkidildi. Bu ýerde olara hakyna tutulanlaryň topary, “Wagner” tarapyndan tälim berildi.

10-njy aprelde esgerler Donetsk sebitine äkidildi we olary “Weteranlar” brigadasyna, aýratyn diwersiýa- hüjüm toparyna berdiler.

"Weteranlaryň” sözlerine görä, biziň mobilizlenen ýigitlerimiz adam başyna 25 000 rubla satyn alyndylar, şu sebäpden olaryň esgerleri islän ýerlerine ibermäge hukugy bar" diýip, garyndaşlaryň ýüzlenmesinde aýdylýar.

19-njy aprelden soň mobilizlenen toparlary söweş missiýalaryna iberip başladylar we olar agyr ýitgi çekýärler. Garyndaşlary bilen habarlaşmagy başaranlaryň aýtmaklaryna görä, 501 adamyň arasynda 130 töweregi adamyň ykbaly belli.

XS
SM
MD
LG