Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada iş taşlan mugallymlar aýlygyň düýpli ýokarlanmagyny talap edýärler


Bo\ap galan klas otagy
Bo\ap galan klas otagy

On müňlerçe rumyn mugallymy 22-nji maýda iş hakynyň düýpli ýokarlanmagyny we bilime has köp maýa goýumlaryny talap edip, iş taşlaýyş yglan etdi.

100,000-150,000 çemesindäki başlangyç we orta mekdep mugallymy koalisiýa hökümeti öz talaplaryny ýerine ýetirýänçä, mekdeplerdäki işlerini bes etjekdiklerini avtdylar.

Mugallymlaryň kärdeşler arkalaşyklary bilen premýer-ministr Nikolaý Sýukanyň hökümetiniň arasynda 21-nji maýda geçirilen soňky minut gepleşikleri hiç bir ylalaşyga getirip bilmedi.

Iş taşlaýanlaryň esasy talaby täze işe başlaýan mugallymlaryň ýurt möçberinde iň bolmanda ortaça aýlyga deň hak almagyndan ybarat.

Uniwersiteti tamamlap gelen rumyn mugallymynyň aýlyk haky bary-ýogy 520 dollardan gowrak bolup, ýurt boýunça ortaça aýlyk haky 988 dollar derejesinde diýip, iş taşlaýanlar aýdýar.

XS
SM
MD
LG