Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň dowamyny, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny tamamlap gelýändigini aýdýar.
Ol 22-nji maýda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi diýip, türkmen mediasy habar berdi.
Mejlisde Ýaşulular geňeşiniň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow geňeşiň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi diýip, habarda aýdylýar.
“Ýaşulular, sag boluň! Bu gün gowy zatlar hakynda söhbet etdik. Çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir alyşdyk. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda aladamyzyň güwäsidir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara ýüzlenip aýtdy.
Şeýle-de ol “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň dowamyny, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny tamamlap gelýändigini, onuň ýakyn günlerde okyjylara gowuşjakdygyny aýtdy.