Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň korrupsiýa garşy aktiwisti sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi


Aslan Otepov
Aslan Otepov

Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Oral şäherinde korrupsiýa garşy döredilen halk toparynyň lideri Aslan Otepow galplykda we para almakda aýyplanyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Otepow we onuň tarapdarlary syýasy sebäplidigini aýdyp, bu aýyplamalary ret etdi.

Otepow özüne garşy gozgalan kazyýet işiniň korrupsiýa garşy alyp barýan işleri üçin ar alyşdygy, ýerli häkimiýetleriň özünden öç alýandygy barada ozal hem aýdan sözlerini gaýtalady.

Şeýle-de ol bu hökümden şikaýat etjekdigini, kazyýet işi sebäpli iki gün ozal başlan açlygyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG