Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň howaýollary gazak aktiwistini uçara goýbermedi


Aktiwist Galym Agheleuow (arhiw suraty)
Aktiwist Galym Agheleuow (arhiw suraty)

Özbegistan Howaýollary adam hukuklary boýunça gazak aktiwisti Galym Agheleuowy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden özbek paýtagty Daşkende uçmaly uçaryň bortuna goýbermediler. 23-nji maýda ýüze çykan hadysada resmileriň hereketine hiç hili düşündiriş berilmedi.

Agheleuow Azatlyk Radiosyna Özbegistanda sud edilmeli garagalpagystanly aktiwistleriň şikaýat diňlenişigine gatnaşmak isländigini aýtdy. Geçen ýylyň iýulynda Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonom respublikasynda ýüze çykan ozal görlüp-eşidilmedik protestler bilen bagly tussag edilen ençeme aktiwiste dürli möhletli türme tussaglygy abanýar.

Geçen ýyl Daşkendiň sebitiň awtonom ýagdaýyny aýyrmak planlary bilen bagly tutuşan protestler gazaplylyk bilen dargadylanda azyndan 21 adam öldi.

XS
SM
MD
LG