Russiýanyň “Wagner” hususy hakyna tutma toparynyň lideri Ýewgeniý Prigožin Moskwanyň Ukrainany doly derejede basyp almak we "ýaragsyzlandyrmak" planynyň başa barmandygyny, muňa derek öz goňşusynyň goşunyny "dünýäniň iň güýçli" goşunlarynyň birine öwrendigini we Russiýany mümkin bolan gozgalaň bilen ýüzbe-ýüz goýandygyny aýtdy.
Prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýarany bolan Prigožin Kremle tarapdar syýasy synçy Konstantin Dolgow bilen geçirilen we doly görnüşi 24-nji maýda çap edilen söhbetdeşlikde Moskwanyň geçen ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlan urşuny “Ukrainany ýaragsyzlandyrmak we nasistlerden saplamak üçin ýörite harby operasiýa” diýip atlandyrandygyny ýatlatdy.
Russiýanyň iň kuwwatly hakyna tutma toparynyň başlygy Günbataryň 15 aý çemesi uruşdan soňam ýorulmandygyny we Ukrainany goldamakdan el çekmändigini, Kiýew güýçleriniň bolsa indi diňe erjellik bilen goranman, berk garşylykly hüjüme taýýarlanýandygyny aýtdy.