Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainadaky dron hüjümlerini dowam etdirýär, Kiýewiň ýaranlary harby kömegi maslahatlaşýar


Rus dronlary Kiýewe hüjüm edýär
Rus dronlary Kiýewe hüjüm edýär

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin, ýurduň howa goragyny güýçlendirmek üçin, prezident Wolodymyr Zelenskiniň ýaranlaryň wada beren F-16 söweş uçarlaryny tiz ýetişdirmekleri baradaky çagyryşlarynyň arasynda, Kiýewi Russiýanyň bikanun çozuşyna garşy göreşde goldaýan onlarça ýurtdan ybarat ukrain Goranmak aragatnaşyk toparynyň wirtual ýygnagyny geçirer.

Pentagon bu ýygnakda Ukrainanyň sowutly manýowr mümkinçiliklerini goldamagyň, Russiýanyň dowamly hüjümlerinden goranmak üçin Ukrainanyň howa goragyny güýçlendirmegiň ugur-ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Bu duşuşyk Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine we sebitlerine garşy urýan howa zarbalaryny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.

Moskwa öten agşam Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň täze tapgyry bilen Kiýewe hem-de beýleki birnäçe sebitine hüjüm etdi. Emma bu dronlaryň ählisi urlup gaçyryldy diýip, Ukrainanyň howa goragy 25-nji maýda habar berdi.

"Demirgazykdan we günortadan Ukraina jemi 36 pilotsyz uçar uçuryldy. Duşman ýurduň günbatar sebitlerindäki möhüm infrastruktura we harby desgalara hüjüm etmegi nazarda tutdy" diýip, howa goragy aýtdy.

Zelenski bu hüjümlerden soň Moskwany ukrainalylary terror etmekde günäkärledi we harbylara Russiýanyň öten agşam uçuran pilotsyz uçarlarynyň ählisini urup ýykandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

"Duşman Ukraina 36 sany “Şahid” ugradyp, terrorçylygyny dowam etdirdi. Olaryň hiç biri öz nyşanasyna ýetip bilmedi. Men öz howa goragy güýçlerimiziň gazanan 100% netijesinden minnetdar" diýip, Zelenski sosial mediada aýtdy.

Resmiler mundan öň Kiýew, Çernihiw, Žitomyr, Kirowohrad, Mykolaýiw, Herson, Dnipropetrowsk, Odesa, Wolin, Ternopil, Winnitsia we Lwow sebitlerinde howa hüjümi duýduryşlarynyň berlendigini habar berdiler.

Ukrainanyň Donetsk sebitindäki aldym-berdimli tutluşygyň merkezine öwrülen Bahmut şäheri ugrundaky söweşler dowam etdirildi diýip, ukrain goşuny 25-nji maýda frontdaky ýagdaý barada beren gündelik hasabatynda aýtdy.

Ukrain goragçylary Bahmutda ruslaryň 28 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, habrylar aýtdy.

Russiýanyň ýagdyrýan toplary Bahmutyň golaýyndaky Çasiw Ýarda bir parahat ýaşaýjynyň ölümine sebäp boldy diýip, Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kyrylenko 25-nji maýda aýtdy.

Zelenski özüniň gijeki wideo ýüzlenmesinde ABŞ-da öndürilen F-16 kysymly uçarlaryň Kiýewe berilmeginiň Russiýanyň Ukrainadaky uruşda ýeňiljekdigini aňladýan aýdyň alamat bolup durýandygyny aýtdy.

"Ukrainanyň iň ilkinji F-16 uçarynyň bir özi hem dünýäniň Russiýa öz agressiýasy sebäpli diňe ýeňiljekdigini görkezýän güýçli signallarynyň biri bolar. Ol has gowşak bolar we mundan beýläk hem izolirlener" diýip, Zelenski aýtdy.

"Esasy zat okuw-tälimleri we uçarlaryň getirilmegini tizleşdirmekde, ýagny kararlar bilen asmanymyzy hakykatdan hem goramagyň arasyndaky wagtda" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu aralykda, rus habar gulluklarynyň Russiýanyň Federal howpsuzlyk býurosyna (FSB) salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýanyň ýadro elektrik stansiýalaryna hüjüm etmekçi bolandyklary üçin diýip, FSB iki ukrainalyny tussag etdi.

"Ukrainanyň daşary aňtaw gullugyndan bir zyýankeş topar... maýyň başynda Leningradda we Kalininde ýadro elektrik stansiýalarynyň 30-a golaý elektrik liniýasyny partlatmaga synanyşdy" diýip, FSB-niň sitirlenen maglumatynda aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 24-nji maýda Ukrainanyň üç sany uzakdan dolandyrylýan gämisiniň Gara deňizdäki rus harby gämisine hüjüm etmäge synanyşandygyny aýtdy.

Ministrligiň telegramda ýerleşdiren habarynda rus gämisiniň Russiýadan Türkiýä gaz geçirýän “TurkAkym” we “Mawy akym” gaz geçirijilerini goraýandygy, ýöne oňa zyýan ýetmändigi we hüjüm gämileriniň hemmesiniň ýok edilendigi aýdyldy.

Kiýew garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýan beýanat barada bada-bat düşündiriş bermedi.

Şu aralykda, “Wagner” toparyny esaslandyryjy öz nökerleriniň Donetsk sebitiniň Bahmut şäherinden çykarylyp başlanandygyny habar berdi. Ýewgeniý Prigožin we rus häkimiýetleri golaýda bu şäheriň doly ele geçirilendigini aýdypdylar.

Prigožiniň şu gün irden çap eden wideosynda aýdylmagyna görä, “Wagneriň” Bahmutdaky bölümleri 1-nji iýuna çenli haýsydyr bir "tyldaky lagerlere" çykarylar we olaryň ýerine Russiýanyň regulýar goşunynyň bölümleri ýerleşdiriler.

Prigožiniň tassyklamagyna görä, wagnerçiler gelejekde "täze söweş tabşyryklaryny alar".

Forum

XS
SM
MD
LG