Moskwanyň etegindäki Kotelnikide saklanan 100 töweregi täjik migranty 23-nji maý agşamy şäheriň polisiýa merkezine getirildi.
Şaýatlaryň sözlerine görä, migrantlar ýerli OMON-yň täjiklere degişli “Didor”, “Rohat”, “Amina” we “33 Hauz” kafelerine geçiren reýdi wagtynda tussag edildi. Şäheriň pitneçilige garşy göreşýän polisiýasy şondan iki gün öň Kotelnikide 300-den gowrak täjigistanlyny tussag edipdi.
Tutulanlaryň biriniň Ozodi radiosyna aýtmagyna görä, pitnä garşy polisiýa migrantlary agşam sagat 7-den ir sagat 7-ä çenli aýak üstünde durmaga mejbur etdi. “Şol gije 30 töweregi adam deportasiýa edildi. OMON söweşijileri gödeklik etdiler, bizi kemsitdiler we masgaraladylar, ählimiziň garym gazmak üçin Ukraina iberilmelidigimizi aýtdylar” diýip, täjik migranty Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.
Rus häkimiýetleri Täjigistandan gelen migrantlara garşy geçirilen reýdleriň sebäbi we polisiýa işgärleriniň olara garşy gören rehimsiz çäreleri barada düşündiriş bermediler.
Täjigistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem häzire çenli bu ýagdaýa hiç bir düşündiriş bermedi.