Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen metbugaty mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň sanynyň 82 müňe golaý bolandygyny aýdýar


Soňky jaň dabarasy
Soňky jaň dabarasy

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde şu gün “Soňky jaň” dabaralary geçirilýär.

Türkmenportal” neşiriniň “Türkmenistan” gazetine salgylanyp ýazmagyna görä, bu ýyl türkmen mekdeplerini 82 müňe golaý okuwçy tamamlaýar.

2022-2023-nji okuw ýylynda Aşgabat boýunça 9 müň 876, Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966 okuwçy orta mekdebi tamamlaýar diýip, habarda aýdylýar.

Öňki ýyllarda Türkmenistanda, resmi maglumatlara görä, mekdebi tamamlaýanlaryň sanynyň 100 müňden aşan wagtlary hem bolupdy. Emma soňky ýyllarda ýurtdaky kynçylyklar, migrasiýanyň ösmegi, çaga dogulmagynyň derejesiniň peselmegi zerarly, ilat sanynyň azalýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG