Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimler: Ukrainanyň Ýaragly güýçleri Russiýanyň üç sebitine hüjüm etdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýanyň üç sebitiniň resmileri 26-njy maýda, hamala, ukrain güýçleri tarapyndan hüjüm edilendigini habar berdiler.

Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow telegramda öten agşam sebitiň dört etrabynyň ukrain güýçleri tarapyndan topa tutulandygyny, ýöne ölenleriň bolmandygyny ýazdy.

Rostow sebitiniň häkimi Wasiliý Golubew öten agşam Morozowsk şäheriniň asmanynda bir ukrain raketasynyň urlup ýykylandygyny aýtsa, günorta-günbatar Krasnodar şäheriniň häkimi Ýewgeniý Naumow ir bilen bolan partlama zerarly bir edara binasyna we ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigini öňe sürdi.

Media habarlarynda Krasnodara pilotsyz uçarlar tarapyndan hüjüm edilendigi aýdylýar.

Ukraina bu aýdylýanlar barada hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG