Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina “juda agyr” hüjümleriň tolkunyny atdy


Russiýanyň Dnipro şäherine uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Dnipro şäherine uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň Ukrainanyň merkezindäki Dnipro şäheriniň saglyk desgasyna uran zarbasynyň netijesinde azyndan bir adam öldi, başga-da ona golaýy ýaralanady. Prezident Wolodymyr Zelenski muny “adamzada garşy nobatdaky jenaýat” diýip häsiýetlendirdi.

Öten gijäniň dowamynda Ukrainada bir sagada golaý howa hüjümi baradaky duýduryş serenalary ýaňlandy. Kiýewe we beýleki käbir regionlara howa zarbalary uruldy.

Russiýanyň harbylary 17 raketa we Eýranda öndürilen 31 sany drony raýat we harby nyşanalara atdy. Emma Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamy 10 raketany we 23 drony urmagy başardy diýip, Ukrainanyň Howa Güýçleriniň Serkerdeligi 26-njy maýda irden habar berdi.

Kiýewiň Obolon we Şewçenkiwskiý etraplarynda urlan raketalaryň galyndylarynyň düşmegi netijesinde zeperiň ýetendigi habar berilýär. Emma paýtagtyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko hadysada heläk bolanlar ýa-da şikes alanlar barada maglumatyň gowuşmandygyny aýtdy. Kiýewe ýerli wagt bilen daňdan sagat 3-den başlap, üç sagat töweregi aralygynda hüjüm edildi.

Bu şu aýyň dowamynda Ukrainanyň paýtagtyna edilen 13-nji şeýle hüjüm boldy.

Ýerli resmiler Russiýanyň Harkiw we Dinpropetrowsk regionlaryna hem hüjüm edendigini aýdýarlar.

Dinpropetrowskyň regional häkimi Serhiý Lysak Russiýanyň hüjümleriniň netijesinde “iňňän agyr agşamy” geçirendiklerini aýtdy we hüjümde bir adamyň ýaralandygyny mälim etdi. Ol zarbalaryň netijesinde raýat maksatly infrastruktura desgalaryna möhüm zeper ýetendigini hem aýtdy.

Dronlaryň hüjümi netijesinde Harkiw regionynyň Merefa we Iýzum şäherlerine uly zeper ýetdi diýip, regional harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Sinehubow aýtdy.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň içinde we töwereginde çaknyşyklar dowam edýär. Bu barada Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 26-njy maýda özüniň gündelik hasabatynda mälim etdi. Şol bir wagtda, Russiýa bu şäheri doly öz gözegçiligine geçirendigini öňe sürýär.

25-nji maýda ABŞ-nyň ýokary derejeli ofiseri, general Mark Milleý Russiýanyň Ukrainada harby ýeňiş gazanyp bilmejekdigini aýtdy.

“Bu uruş, harby taýdan aýdylanda, Russiýanyň ýeňişi bilen tamamlanmaz. Bu bolmaz” diýip, Milleý 25-nji maýda Ukrainanyň Goranyş Habar Toparynyň onlaýn duşuşygyndan soň žurnalistlere aýtdy.

Ol Kremliň Ukrainanyň häzirki hökümetini harby taýdan aýyrmak baradaky ilki başdaky meýilleriniň “harby taýdan amala aşyp bilmejekdigini” hem sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, ol Russiýanyň Ukrainada uly goşununyň ýerleşmegi netijesinde, Kiýewiň, şol sanda 2014-njy ýylda basylyp alnan territoriýalaryny yzyna gaýtarmagynyň “ýakyn geljekde” amala aşmajakdygyna meňzeýändigini hem aýtdy.

Kiýewe Russiýanyň basybalyjylykly hüjümine garşy durmakda ýardam berýän döwletleriň wirtual duşuşygynda ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin hem çykyş etdi. Ol Günbatar goldawçylarynyň, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda hüjüme geçmeginden bäri, Ukraina 65 milliard dollar möçberinde harby hemaýat berendigini mälim etdi.

Emma häzir gün tertibinde esasan wada berlen F-16 kysymly uçarlary ugratmak barada gürrüň edilýär. Bular häzir bar bolan sowetler döwründe öndürilen söweş uçarlaryna garanyňda has döwrebap hasaplanýar.

Forum

XS
SM
MD
LG