Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir: Ukrainadaky uruş Russiýanyň öňki SSSR çägindäki ornuny gowşatdy


GENERIC – Flag of Russia at the rusty background. Concept photo
GENERIC – Flag of Russia at the rusty background. Concept photo

Ukraina garşy başlanan giň gerimli uruş Russiýanyň post-sowet ýurtlaryndaky ornuny we Moskwa bolan garaýyşlary ýaramazlaşdyrdy diýip, "Re: Russia” “Gallup” neşiriniň geçiren pikir soramalaryna salgylanyp ýazýar.

Öňki SSSR-iň ýurtlarynyň aglaba köplüginde, Kremliň öz bähbit we aýratyn täsirli sebiti hasaplaýan respublikalarynda rus ýolbaşçylarynyň hereketlerine berilýän goldaw 10%-den gowrak azaldy.

Azerbaýjanda Moskwanyň kararlaryny makullaýanlar 23%-e çenli, 2,6 esse azaldy.

Russiýanyň ýolbaşçylaryna taryhy arabaglanyşyklar esasynda raýdaşlyk bildirilýän ýurtlarda, Ermenistanda, Gazagystanda, Moldowada Russiýanyň hereketlerini oňlamaýanlaryň sany ilkinji gezek oňlaýanlaryň sanyndan ýokary galdy. Gazagystanda Russiýany oňlaýanlaryň sany takmynan 29%-e çenli azaldy.

Gyrgyzystanda we Özbegistanda Russiýa duýgudaşlyk edýänler köp, ýogsa bu ýurtlarda hem rus häkimiýetleriniň hereketlerini oňlaýanlar düýpli azaldy.

XS
SM
MD
LG