Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa german diplomatlaryny, mugallymlaryny ýurtdan çykarmakçy bolýar – Germaniýa


Germaniýanyň Moskwadaky ilçihanasy (arhiw suraty)
Germaniýanyň Moskwadaky ilçihanasy (arhiw suraty)

Russiýa öňümizdäki aýdan başlap ýurtdaky Germaniýanyň diplomatlaryny, şeýle-de german medeni merkezindäki mugallymlary we işgärleri çykarmagy göz öňünde tutýar diýip, Germaniýanyň daşary işler ministrligi mälim etdi.

Munuň netijesinde, Russiýanyň geçen ýyl Ukraina çozmagy netijesinde Moskwa bilen Berliniň arasyndaky dartgynlaşan gatnaşyklarynyň has-da ýitileşmegine garaşylýar.

Germaniýanyň daşary işler ministrligi Russiýanyň bu hereketini berk tankytlady.

XS
SM
MD
LG