Ak tam we Kongresdäki respublikan wekilleri milli bergileriň çägini ýokarlandyrmak we býujet meseleleri boýunça prinsipde ylalaşyga geldiler. Bu habar altynjy gün agşamy Wekiller öýüniň başlygy, respublikan Kewin Makkarti we prezident Jo Baýden tarapyndan yglan edildi.
Kongres gazanylan ylalaşygy indiki hepdä çenli kanuny taýdan resmileşdirmeli bolar. Eger-de ylalaşyk gazanylmadyk bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, ABŞ bütin dünýäniň ykdysadyýetine täsir edip biljek defolt bilen ýüzbe-ýüz bolardy.
Federal ätiýaçlyk bankynyň başlygy federal gaznadaky pullaryň 5-nji iýuna çenli gutaryp biljekdigini duýdurypdy.
Baýdeniň sözlerine görä, bu ýerde "her kimiň öz islän zadyny alyp bilmeýän" ylalaşygy barada gürrüň edilýär. Şol bir wagtyň özünde prezident ylalaşygyň "heläkçilikli defoltyň öňüni aljakdygyny" boýun aldy.
Makkarti baglaşylan ylalaşygy "uly ýeňiş" diýip atlandyrdy.
Wekiller öýüne gözegçilik edýän respublikanlar döwlet bersginiň çäginiň ýokarlandyrylmagyny tassyklamagyň deregine býujet çykdajylaryny düýpli azaltmagy talap etdiler.