Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýaty Kazanda gyz zorlamakda güman edilýär


Kazan. Bezeg suraty
Kazan. Bezeg suraty

Kazanda 22 ýaşly gyzy zorlamakda güman edilýän türkmen raýaty Nurmuhammet Kurbanow tussag edildi diýip, “Turkmen.news” “KazanFirst” neşirine salgylanyp habar berýär.

23 ýaşly Kurbanow 17-nji maýda agşamlyk Kazan federal uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň golaýyndaky dükanda bir gyz bilen tanyş bolýar we, derňewçileriň çaklamalaryna görä, biraz soň ony tokaý zolagynda zorlaýar.

Ejir çekeniň polisiýa birnäçe gün soň ýüz tutmagyna garamazdan, güman edilýän adamyň şahsyýeti tiz anyklanypdyr.

Bu waka şäherlileriň arasynda uly seslenme döretdi we ilat arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşylýar, onuň derňewi Russiýa Federasiýasynyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin tarapyndan ýörite gözegçilige alyndy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG