30-njy maý güni irden Moskwa dron hüjümi edildi diýip, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin telegram kanalynda aýtdy.
Hüjüm netijesinde "birnäçe bina ýeňil-ýelpaý zeper ýetirildi" diýip, Sobýanin aýtdy."Häzirki pursatda agyr ýaralanan adam ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Telegram kanallary 30-njy maý güni irden Moskwa sebitinde ondan gowrak pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny habar berdiler.
Gyssagly kömek gullugynyň wekili Russiýanyň “Nowosti” habar gullugyna dronlaryň Moskwadaky iki ýaşaýyş jaýyna zarba urandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, pida bolan ýok.
Bu maglumat özbaşdak ýagdaýda barlanyp bilinmedi.
Sobýanin pilotsyz uçarlaryň hüjüminden soň iki jaýda birnäçe girelgäniň ýaşaýjylarynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
Ol ýaşaýjylaryň ýörite gulluklaryň bu ýerdäki işleri tamamlanan badyna öz kwartiralaryna baryp biljekdigini hem sözüne goşdy.