Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy maýda ABŞ-nyň prezidentiniň howa meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefonda gürleşdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.
Taraplar iki ýurduň bu ugurdaky pozisiýalaryny deňeşdirip, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketler boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ekologik meseleleri çözmek we daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen bagly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak babatynda Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi.
Telefon söhbetdeşligi amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi diýip, habarda bellenýär.
Türkmenistan energiýa pudagyndan howa goýberýän zyýanly gazlarynyň köp bolmagy sebäpli tankyt edilýär.