Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus zarbasy Kiýewde üç adamy öldürdi, Zelenski Ukrainanyň NATO ýaranlygyna goşulmaga taýýardygyny aýdýar


Kiýew, 1-nji iýun.
Kiýew, 1-nji iýun.

Kiýewe 1-nji iýunda urlan täze howa zarbalarynda azyndan üç adam, şol sanda bir çaga öldi diýip, häkimiýetler aýtdy, prezident Wolodymyr Zelenski Pan-Ýewropa sammitine gatnaşmak üçin Moldowa bardy. Ol Ýewropa Syýasy Bileleşiginiň (EPC) sammitinde eden çykyşynda Ukrainanyň "NATO ýaranlygynaa goşulmaga taýýardygy" barada aýdýan sözlerini gaýtalady we toparyň geljek aý Wilnýusda geçiriljek sammitinde belli bir karara gelmelidigini aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko bu hüjümden soň 1-nji iýunda, öňki kommunistik ýurtlaryň köpüsinde adat bolan Halkara çagalar gününi bellemek üçin planlaşdyrylan çäreleri ýatyrdy.

Kltişko aýyň başynda edilen ilkinji hüjümiň ýaşaýyş jaýlaryna, suw geçirijilere, ulaglara hem zyýan ýetirendigini, ýokardan gaçan galyndylaryň paýtagtyň etegindäki Desnyiansk şäherinde ýerleşýän lukmançylyk klinikasyna, çagalar bagyna, mekdebe we polisiýa merkezine düşendigini aýtdy.

Kitsçko we Kiýew harby administrasiýasy ilki ölen üç adamyň arasynda iki çaganyň bardygyny habar berdi, ýöne soň 1 çaganyň ölendigini aýtdy.

Ukrain paýtagty geçen aýda Russiýanyň gurnan howa tolkunlarynyň 17-siniň nyşanasy boldy.

Ukrain goşunynyň aýtmagyna görä, Russiýa 1-nji iýunda Kiýew sebitindäki infrastruktura desgalaryny nyşana alan hüjüminde “Iskander” raketalaryny ulandy.

"Deslapky maglumatlar ruslaryň atan 10 raketasynyň onusynyň hem Ukrainanyň howa goragy tarapyndan ýok edilendigini” görkezýär diýip, harbylar irden beren hasabatlarynda aýtdylar.

Şu aralykda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski goňşy Moldowada, rus çozuşy başlanaly bäri Kişinýowa edýän ilkinji saparynda Ýewropa syýasy bileleşiginiň sammitine gatnaşýar. Bu bileleşik ÝB-niň 27 agzasyny olaryň 20 hyzmatdaşy bilen bir ýere jemleýär.

Zelenski Kişinýowyň 40 km çemesi gündogarynda ýerleşýän Bulboakada, Mimi galasynda Moldowanyň günbatara tarapdar prezidenti Maýa Sandu tarapyndan garşy alyndy.

Zelenski biraz öň telegramda, Ukraina üçin has köp goldaw toplamagyň çäginde, ÝB liderleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem geçirmekçi bolýandygyny aýtdy.

Gündogardäky söweş meýdanynda söweşýän ukrain goragçylary Donetsk, Luhansk we Harkow sebitlerinde ruslaryň 21 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, baş ştab 1-nji iýundaky gündelik hasabatynda aýtdy.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Donbasdaky söweşiň merkezi bolan Bahmut şäherinde ruslar ukrain pozisiýalaryny nyşana alyp, iki sany şowsuz hüjüm etdi diýip, harbylar aýtdy.

Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň häkimi 1-nji iýunda, Russiýanyň çägine edilen serhetaşa hüjümleriniň möwç almagynyň arasynda, öten agşam atylan "üznüksiz top oklarynyň" şäherde sekiz adamy ýaralandygyny habar berdi.

"Şebekino üznüksiz topa tutmalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar" diýip, Wýaçeslaw Gladkow telegramda şäheriň raketa atyjylar arkaly nyşana alynýandygyny, ýöne ölen adamyň ýokdugyny aýtdy.

Bu habary garaşsyz ýagdaýda barlap bolmady.

Russiýanyň Krasnodar sebitiniň häkimi Wenýamin Kondratýew 31-nji maýda pilotsyz uçaryň eden hüjümi netijesinde nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýangyn bolandygyny, ejir çekenleriň bolmandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar 31-nji maýda, ukrain häkimiýetleriniň Donetsk we Herson sebitlerinde edilen rus hüjümlerinde iki adamyň öldürilendigini aýdan wagtynda, Ukraina “Patriot” howa goragy batareýalaryny, ok-därileri we beýleki goranyş enjamlaryny öz içine alýan täze kömek bukjasyny yglan etdi.

Umumy bahasy 300 million dollara barabar bolan howpsuzlyk kömegini Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi yglan etdi.

“Patriotlardan” başga, bukjada uçara garşy ulanylýan “Stinger” ulgamlary, HIMARS ulgamalarynda ulanylýan raketalar, tank oklary we beýleki enjamlar bar.

Ukrain güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý özüniň frontdaky ýagdaý, ukrain topraklaryny azat etmegiň meýilnamalary we duşmanyň mümkin bolan hereketleri barada maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň goşun generaly, Birleşen serkerdeler ştabynyň başlygy Mark Milli bilen telefonda gürleşendigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG