Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Roýters: Kataryň premýer-ministri “Talyban” lideri bilen gizlin gepleşik geçirdi


Kataryň premýer-ministri Owganystanyň Kandahar şäherinde "Talyban" hereketiniň ýokary lideri bilen gizlin gepleşik geçirdi diýip, "Roýters" habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, duşuşygyň esasy temasy dünýäniň köp ýurdunda terrorçy gurama hasaplanylýan we gadagan edilen “Talyban” hereketi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda saklanyp galýan dartgynlygy gowşatmak barada boldy.

Kataryň premýer-ministri Muhammet bin Abdulrahman al-Tani bilen "Talybanyň" ýokary lideri Haýbatullah Ahundzadanyň duşuşygy 12-nji maýda boldy diýip, "Roýtersiň" habarynda bellenýär. Bu talyplaryň lideriniň daşary ýurt lideri bilen geçiren ilkinji duşuşygy boldy.

Şu aralykda Kataryň Owganystan boýunça ýörite wekili Mutlak bin Majid al-Kahtani ABŞ-a sapar etdi.

Kataryň Daşary işler ministrligi Majid al-Kahtaniniň bir gün öň ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas West bilen duşuşandygyny habar berdi.

"Talyban" bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasyndaky dartgynlyklar adam hukuklarynyň gödek bozulmagy, hususan-da "Talybanyň" gyzlaryň bilim almagyna we aýallaryň işlemegine girizen gadaganlygy, şeýle-de ýurtda öz içine alyjy hökümet gurmak islemezligi sebäpli saklanyp galýar

XS
SM
MD
LG