Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakerler azeri ilçihanasyna edilen hüjümiň 'jikme-jikliklerini açýar'


Azerbaýjan ilçihanasynyň goragçy ofiseri Orhan Askerow 30-njy ýanwarda Bakuwda jaýlandy.
Azerbaýjan ilçihanasynyň goragçy ofiseri Orhan Askerow 30-njy ýanwarda Bakuwda jaýlandy.

Haker toparlarynyň biri eýran hökümetiniň gizlin resminamalaryna degişlidigi aýdylýan dokumentleriň bir toplumyny ýaýradyp, olaryň arasynda Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasyna edilen hüjümiň jikme-jiklikleriniň hem üstüni açdy.

"Agdarylyşyga çenli gozgalaň" ady bilen tanalýan we bosgunlykdaky oppozisiýa, Tähranda terrorçy topar hasaplanylýan “Mujahedin Halk guramasy” bilen baglanyşykly hakerler 30-njy maýda telegramdaky sosial media sahypasynda käbir resminamalary ýerleşdirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu dokumentleriň asyl nusgadygyny ýa däldigini bada-bat barlap bilmedi. Çap edilen dokumentleriň käbiriniň senesi görkezilmedik bolsa, beýlekilerinde "gaty gizlin" diýen bellik bolup, olaryň taslama bolmagynyň hem ahmaldygyny yşarat edýär.

Eýranyň prezident edarasy öz web sahypasyna edilen kiber hüjümi baradaky habarlary ret etdi, ýöne onuň işiniň tehniki hyzmat we sahypanyň kämilleşdirilen görnüşiniň açylmagy sebäpli wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.

Azerbaýjan bu habar bilen bagly resmi düşündiriş bermedi.

Soňky aýlarda, hususan-da ýanwar aýynda Bakuwyň Tährandaky ilçihanasyna edilen ýaragly hüjümden soň, iki goňşynyň arasyndaky gatnaşyklar birden dartgynlaşdy.

Hüjüm netijesinde bir howpsuzlyk işgäri öldürilip, iki adam ýaralanandan soň, Azerbaýjan Eýrandaky ilçihanasynyň işini togtatdy. Baku 27-nji ýanwarda edilen hüjümde Eýranyň gizlin gulluklaryny günäkärledi we ony "terrorçylyk hereketi" diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG