Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň baş sekretary Helga Mariýa Şmid türkmen ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýär 


 Helga Mariýa Şmid
Helga Mariýa Şmid

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň baş sekretary Helga Mariýa Şmidi kabul eder diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmenistana sapara gelen Şmid 31-nji maýda ýurduň daşary syýasat edarasynda daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Wepa Hajiýew, adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen duşuşdy.

Baş sekretaryň saparyň çäginde prezident Serdar Berdimuhamedow, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa dagy bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

ÝHHG-niň baş sekretarynyň 31-nji maýdan 8-nji iýuna çenli aralykda Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda saparda bolup, ýokary derejeli hökümet işgärleri, parlamentariler we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşjakdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG