Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Pars aýlag döwletleri bilen deňiz bileleşigini gurup, sebitdäki durnuklylygy üpjün etjek diýýär


Şahram Irani, Eýran deňiz güýçleriniň serkerdesi (faýl suraty)
Şahram Irani, Eýran deňiz güýçleriniň serkerdesi (faýl suraty)

Eýranyň deňiz güýçleriniň serkerdesi, öz ýurduny, Saud Arabystany, şeýle hem Pars aýlagynyň beýleki üç döwletini, Hindistan bilen Pakistany hem öz içine alýan deňiz bileleşigini gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu barada Eýranyň habar beriş serişdeleri 3-nji iýunda habar berdiler.

"Döwletler diňe biri-biri bilen hyzmatdaşlygyň sebite howpsuzlygy üpjün edýändigine şu gün göz ýetirdiler" - diýip, Eýranyň deňiz güýçleriniň serkerdesi Şahram Irani aýtdy.

Ol bileleşigiň görnüşi barada jikme-jik maglumat bermedi, ýakyn wagtda dörediljekdigini aýtdy.

Eýran soňky döwürde Pars aýlagynyň birnäçe arap döwleti bilen dartgynly gatnaşyklaryny düzetmäge synanyşýar. Mart aýynda Saud Arabystany bilen Eýran Hytaýyň araçylyk şertnamasy boýunça ýedi ýyllyk duşmançylygy bes etdi we sebitdäki durnuklylygyň hem ykdysady hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG