Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Ukrainanyň garşy hüjüme başlamaga taýýardygyny aýtdy


Wladimir Zelenskiý
Wladimir Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý öz ýurdunyň rus güýçleriniň basyp alan ýerlerini azat etmek üçin köpden bäri garaşylýan garşy hüjüme başlamaga taýýardygyny, şol bir wagtyň özünde munuň birnäçe wagty talap etjegini we gymmat düşjekdigini duýdurdy.

Zelenskiý 3-nji iýunda "The Wall Street Journal" gazetinde çap edilen interwýusynda "üstünlik gazanjakdygymyza berk ynanýarys" - diýdi.

"Munuň näçe wagt aljagyny bilemok. Dogrusyny aýtsam, dürli ýollardan gidip biler, düýbünden tapawutly. Ýöne muny ederis we biz taýýar" -diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

Zelenskiý ukrain goşunynyň "umyt eden ýaraglarynyň hemmesini almandygyny, ýöne indi garaşyp bilmejegini" aýtdy.

Zelenskiý geçen aýda köpden bäri garaşylýan garşy hüjüme başlamazdan ozal, öz ýurduna has köp ýarag, şol sanda sowutly ulag gerekdigini aýdypdy.

Ukrainanyň prezidenti Günbatar ýurtlaryndan has köp harby kömegi we ýaraglary talap edýär.

Russiýa gündogarda, günortada we günorta-gündogarda Ukrainanyň territoriýasyny basyp aldy.

XS
SM
MD
LG