Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň raýaty Orsýetden deportasiýa edilmegiň ýerine söweşe iberilýär


Illýustrasiýa suraty 
Illýustrasiýa suraty 

Russiýada bikanun galandygy üçin Sankt-Peterburgyň golaýynda tussag edilen bir daşary ýurtly deportasiýa edilmegiň ýerine Ukrainadaky uruşa ibermek üçin bölüme ugradyldy diýip, "Holod" neşiri habar berdi. Daşary ýurtly harby gulluk üçin şertnama gol çekmändigini öňe sürýär, ýöne munuň özüne derek edilen bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.

Dalerjon atly Täjigistanyň raýaty 4-nji maýda Leningrad sebitiniň Kingisepp şäherinde tussag edildi. Onuň Russiýada galmaga rugsady bolmansoň, kazyýet oňa üç müň rubl jerime saldy. Ondan soň ol deportasiýa edilýän daşary ýurtlular üçin wagtlaýyn ýaşaýyş merkezine getirildi, ýöne 30-njy maýda harby bölüme iberildi.

"Holod" neşiriniň Täjigistanyň raýatyna salgylanyp beren habaryna görä, ol öýüne gitmegi arzuw edýär we söweşmek islemeýär, ýöne oňa şertnama eýýäm gol çekilendigini aýdypdyr.

Dalerjon pasportynyň elinden alnandygyny aýtdy. Mundan başga-da, täjik raýaty özi bilen bir harby bölümde Özbegistanyň raýatynyň bardygyny, onuň hem urşa gitmek islemeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG