Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

The New York Times: Subutnamalar Russiýanyň Kahowka bendini partladandygyny öňe sürýär


Kahowka bendi ýarylandan soň, onuň satellitden düşürilen suraty
Kahowka bendi ýarylandan soň, onuň satellitden düşürilen suraty

Ukrainanyň Russiýa tarapyndan gözegçilik edilýän sebitindäki ullakan Kahowka bendiniň şu aýdaky weýrançylygy Russiýa tarapyndan goýlan içerki partlamanyň netijesinde netijesinde ýüze çykdy diýip, "The New York Times" neşiri aýtdy.

Gazet 17-nji iýunda inženerlere we partlaýjy serişdeleriň hünärmenlerine salgylanyp, öz derňewiniň 6-njy iýunda bendiň beton bazasyndan geçýän geçelgesinde partlan we desgany ýumran partlaýjy zarýadyň bardygyny yşarat edýän subutnamalary tapandygyny aýtdy.

"Subutnamalar bendiň özüne gözegçilik edýän tarap - Russiýa - tarapyndan goýlan partlamadan zyýan çekendigini öňe sürýär" diýip, gazet belleýär.

XS
SM
MD
LG