Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin näme üçin Konsert zalyna edilen hüjümi Kiýwe, Günbatara iltejek bolýar?


Putiniň kyssasynda yslamçy ekstremistleriň ganly hüjümine ýer ýok.
Putiniň kyssasynda yslamçy ekstremistleriň ganly hüjümine ýer ýok.

22-nji martda Moskwanyň daşyndaky konsert zalyna edilen hüjümden soňky ilkinji çykyşynda, soňky 20 ýylda Russiýada bolup geçen iň ganly terrorçylyk hüjüminde ýaragly adamlar azyndan 139 adamy öldürenden 18 sagat gowrak wagt soň, prezident Wladimir Putin bu hüjümiň jogäpkäçiligini öz üstüne alan ekstremist topary, “yslam döwletini” agzamady.

Emma muňa garamazdan, ol Ukrainany agzady we Kiýewiň iki ýurduň serhedinde hüjümçileriň gaçyp çykmagyna synanyşmagy üçin “penjire” döredendigini öňe sürdi. Emma ol bu sözlerine hiç bir delil getirmedi.

Putin 25-nji mart güni giçlik eden soňky çykyşynda bu hüjümi "radikal yslamçylaryň" amala aşyrandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar bu hüjümüçin jogapkärçiligiň ýeke-täk ekstremist toparyň, “Yslam döwleti” (YD) bilen baglanyşykly “Yslam döwleti-Horasanyň” üstüne düşýändigini aýtdy. Emma Putin bu hüjümde Ukrainanyň hem rol oýnandygyny ýaňzytdy we ABŞ-a hem-de Günbatara barmak çommaltdy.

Ruslara bu hüjümiň arkasynda Ukrainanyň we Günbataryň durandygyny açyk yşarat etmek üçin ulanan sözleriniň arasynda, Putin Birleşen Ştatlaryň öz “satalitlerini we beýleki ýurtlary... bu ýerde çak bilen Kiýewiň hiç bir ilteşiginiň ýokdugyny görkezmek üçin her bir kanaldan peýdalanýandygyny” öňe sürdi.

Şeýle-de, ol bu hüjümiň, öz suratlandyrmagyna görä, Ukrainanyň "günbatarly ugrukdyryjylarynyň buýruklaryny ýerine ýetirmek", Moskwanyň goşunlarynyň goňşusyna garşy alyp barýan urşunda üstünlik gazanýan wagtynda Russiýada "howsala döretmek" synanyşygynyň bir bölegi bolandygyny öňe sürdi.

Şu aralykda, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri, ýokary wezipeli resmileri we kanun çykaryjylary, bu hüjümiň arkasynda Ukraina bilen Günbataryň durandygy baradaky pikirleri işjeňlik bilen öňe sürdi.

Telegramda ýerleşdirilen gysgaça sorag-jogapda bir habarçy Howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryndan, Putiniň ýakyn ýarany Nikolaý Patruşewden “[IS] ýa-da Ukraina?” diýip sorady.

Patruşew bu soraga: "Elbetde, Ukraina" diýip jogap berdi.

Russiýada bolup geçýän wakalarda, terrorçylykly hüjümlerden başlap, parahatçylykly oppozisiýa protestlerine çenli, daşary ýurtlary günäkärlemek Putin üçin täzelik däl.

Ol muny azyndan 2004-nji ýyldan bäri edýär we, günortadaky Beslan şäherinde bir mekdepde 330-dan gowrak adamyň ölümine sebäp bolan zamun alyş krizisinden soň, Waşington bilen Günbataryň Russiýany gowşatmak üçin Demirgazyk Kawkazdaky yslamçy söweşijileri goldaýandygyny öňe sürdi.

Ýöne bu gezek bijä goýlan paýlar has ýokary hem bolup biler: Putin ýap-ýaňy giň gerimli we subut edilen galplyklar esasynda geçirilen saýlawlarda täze alty ýyllyk möhlete prezident saýlandy we, onuň Kiýewi gysga wagtda ele geçirmek maksady bilen Ukraina garşy başlan giň gerimli urşy uzaga çekip, ýüzlerçe müň russiýalynyň öldürilmegine, maýyp edilmegine sebäp bolýar.

Putiniň Krokus siti hall hüjüminde Kiýewe hem-de Günbatara barmak çommaltmagynyň käbir sebäpleri şu ýerde.

Kyssa

2022-nji ýylyň fewralynda başlanan giň gerimli çozuşdan bäri Putin Russiýany uruş meselesi bolmaly bir zat, durmuş hakykaty bolan ýurda öwürmäge hem-de ony ýurda edýän gözegçiligini güýçlendirmek üçin ulanmaga synanyşdy.

Onuň sözçüsi Dmitriý Peskow ýaňy-ýakynda “içerki mobilizasiýa” çagyrdy we, ruslaryň urşy diňe bir kesesinden goldamaly däldigini, eýsem oňa ynanç meselesi ýaly bir zat hökmünde ynanmalydygyny ündew etdi.

Ruslaryň köpüsiniň urşa bolan goldawynyň passiwligi we şahsy höwesden mahrum bolmagy nazara alnanda, bu örän geň teklip bolup görünýär.

Putin raýatlary ýurduň Ukraina garşy agressiýa urşuny alyp barman, eýsem möhüm bir goranyş urşuny alyp barýandygyna, Ukrainanyň diňe agalyk etmäge ýa-da Russiýany ýok etmäge ýykgyn edýän Waşington bilen Günbataryň elindäki guralydygyna ynandyrmak üçin barha kän jan etdi.

Bu garaýyş döwletiň Ukraina garşy urşy tankytlaýan ýa-da sorag astyna alýan ruslary dymdyrmak üçin ulanýan kanunlary arkaly durmuşa geçirilýär.

Bu kyssada yslam ekstremistleriniň ganly hüjümine kän orun ýa ýer ýok. Şeýlelikde, Krokus siti hall hüjümi Putiniň Günbatar tarapyndan abanýandygyny aýdýan howp-hatarlaryndan has ýakyn ýa-da has hakyky howplary görmezlige salýandygyny, olardan ýüzüni sowandygyny görkezip biler.

'Şowsuzlyk'

Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, hüjümiň ahyr netijede Günbataryň eliniň işidigini öňe sürmek, Atlantik Geňeşiň pikir merkeziniň işgäri, ABŞ-nyň Moskwadaky öňki ilçisi Aleksandr Werşbowyň pikiriçe, simwoliki bolsa-da, "çynlakaý aňtaw şowsuzlygy" bolan zarbany ýumşatmak üçin aýdylýan pikir bolup biler.

Şeýle howpuň gözden salynmagyny düşündirmek hususan-da mart aýynyň başynda Birleşen Ştatlaryň Russiýa, aňtaw maglumatlary esasynda, ekstremistleriň “derhal hüjüm etmek meýilnamalarynyň” bardygy barada beren duýduryşyndan soň kyn bolup görünýär.

Makala gysgaldylyp çap edildi.

Forum

XS
SM
MD
LG