Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady


Türkmenistanyň metjitleriniň birine baran raýatlar (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň metjitleriniň birine baran raýatlar (Arhiw suraty)

Musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär. Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynda müňlerçe adam 10-njy aprelde irden metjitlere baryp, baýram namazyny okady.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky we Marydaky habarçylary metjitleriň içinde we töwereginde howpsuzlyk çäreleriniň adatdakysyndan ençeme esse güýçlendirilendigini aýdýarlar.

“Şu gün paýtagtyň metjitlerine yslam dinine uýýan we yslamyň däplerini berjaý edýän paýtagtlylaryň müňlerçesi bardy. Metjitleriň içine ýerleşmän, olaryň howlusynda baýram namazyny okanlaryň sany içinde okanlaryň sanyndan köp bolmasa az däldi” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçylarymyz bu ýagdaýlary Hezreti Omar, Hezreti Osman, Saparmyrat hajy metjitlerinde, şeýle hem Seýit Jemaleddin we Azady metjitlerinde synlasa bolandygyny belleýärler.

“Hususan-da, Hezreti Omar we Hezreti Osman, şeýle hem Azady metjitlerine baran dindar erkekleriň we zenanlaryň sany juda köp bolup, olaryň her birinde dindarlaryň sany müňlerçe adama ýetdi” diýip, paýtagtly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Instagram sosial ulgamynda paýlaşylan wideolaryň birinde Parahat-7 etrapçasyndaky Hezreti Omar metjidinde baýram namazy okalýan mahaly, onuň töweregindäki uly we kiçi köçeleriň ugrunda ýüzlerçe ulagyň yzly-yzyna goýlandygyny görse bolýar. Bu ulaglar metjide baran adamlaryň sanynyň juda köp bolandygyna yşarat edýär.

Habarçylarymyz metjitlerde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini, olaryň içine we töweregine paýtagtyň howpsuzlyk edaralarynyň ýüzlerçe işgäriniň berk gözegçilik edendigini hem aýtdylar.

“Adamlar entek metjitlere gelip başlamanka, olaryň daş-töwereginde we golaýyndaky köçelerde polisiýanyň, ýol gözegçiligi gullugynyň we MHM-niň [Milli howpsuzlyk ministrliginiň] raýat eşigindäki ýüzlerçe işgäri ýerleşdirildi. Howpsuzlyk çäreleri adatdakysyndan ençeme esse güýçlendirildi” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Marydaky habarçylarymyz hem, müňlerçe adamyň baýram namazyny okamak üçin irden sagat 4-de welaýat we etrap metjitlerine baryp başlandygyny habar berýärler.

“Etrap metjitlerine esasan ýaşuly adamlar baran bolsa, Mary şäherindäki baş metjide ýaşulular bilen bir hatarda, gelin-gyzlar, kiçi we uly ýaşly çagalar hem bardy. Adamlar metjidiň içine we territoriýasyna sygmanlygy sebäpli, uly ýoluň ýanýodalaryna nazamlyklaryny ýazyp, baýram namazyny okadylar. Metjitlere gelen adamlaryň sany geçen ýyldakydan hem köp boldy” diýip, habarçymyz belledi.

Köçelere polisiýa tarapyndan gözegçilik edildi. Metjidiň daş-töwereginde azyndan 30-40 polisiýa işgäri nobatçylyk çekdi.

“Olar 9-njy aprelde nobatçylyga goýlup, gijesi bilen nobatçylyk çekdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Marynyň baş metjidinde baýram namazy okalyp, adamlar öýlerine gidýänçä, Mollanepes we Kemine köçeleri ýapyldy. Baýram namazy irden sagat 7:30-a çenli dowam edip, sagat 8-den soňra ýollar gaýtadan açyldy.

Azatlyk metjitlerde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada ýerli resmilerden teswir alyp bilmedi.

Şu ýyl Türkmenistanda häkimiýetler Remezan aýynyň başlanmagy bilen, metjitlere we olara barýan raýatlara gözegçiligi artdyrdylar. Ýöne bu gözegçilikler 22-nji martda Moskwanyň “Krokus siti holl” konsert zalynda bolup geçen ýaragly hüjüminiň yz ýanynda has-da güýçlendirildi.

Türkmenistanlylaryň ençemesi güýçlendirilýän howpsuzlyk çärelerini dindarlaryň gysylmagy, ýurtda din-wyždan azatlygynyň nobatdaky gezek çäklendirilmegi hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG