Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolgograd koloniýasyndaky zamun alyş: 'Iş kesilen musulmanlaryň ýagdaýy indi has erbet bolar'


Wolgograd sebitiniň Surowikino şäherindäki 19-njy berk düzgünli düzediş koloniýasyna getirilen howpsuzlyk işgärleri. 23-nji awgust, 2024.
Wolgograd sebitiniň Surowikino şäherindäki 19-njy berk düzgünli düzediş koloniýasyna getirilen howpsuzlyk işgärleri. 23-nji awgust, 2024.

23-nji awgustda Wolgograd sebitiniň Surowikino şäherindäki 19-njy berk düzgünli düzediş koloniýasynda dört sany ýaragly tussag 12 adamy - FSIN-iň (Jezalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän federal gullugyň) sekiz işgärini we dört tussagy zamun aldy. Zabt edilen wagtynda zamun alnan dokuz adam, zamun alyjy tussaglaryň ählisi öldürildi. Ýöne olar şu arada birnäçe wideo ýazgy taýýarlap, özleriniň “Yslam döwleti” atly halkara terror guramasyna degişlidiklerini aýtdylar, türmelerdäki musulmanlara edilýän sütem üçin ar alýandyklaryny öňe sürdüler. Adam hukuklaryny goraýjylar we tussaglar FSIN-iň dindarlara edýän basyşy barada ençeme ýyl bäri aýdyp gelýärler, emma häkimiýetler we resmi yslam guramalary bu ýagdaýa baş galdyrmaýar.

Hukuk meýdançasynyň daşynda

19-njy düzediş koloniýasynyň ele geçirilendigi baradaky habaryň yz ýanyndan internetde tussaglaryň taýýarlan wideolary peýda boldy. Olar ilki bilen FSIN-iň müdiri Arkadiý Gostewiň kabinetinde öldürilen FSIN işgärlerini görkezdiler; olaryň arasynda koloniýanyň howpsuzlyk we operatiw işleri boýunça başlygynyň orunbasary Andreý Kuçma, soň hassahanada ölen koloniýa işgäri hem bardy. Zamun alyjylar bilen birlikde, pidalaryň umumy sany eýýäm 13 adama ýetdi.

Internetde iş kesilenleriň şahsy ýazgylaryndan alnan maglumatlar hem çap edildi. Olaryň biri Özbegistanda doglan, 28 ýaşly Ramzidin Toşew bolup, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda neşe söwdasy aýyplamasy esasynda sekiz ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.

Hökümde aýdylmagyna görä, Toşew egindeşleri bilen metadon satyp, bu neşäniň her düwünçegi üçin 300 rubl alypdyr. Aýyplananlar bu usul bilen, ahyrynda polisiýa saklaýança, aýda 60 müň rubl töwereginde gazanç edendiklerini gürrüň beripdirler.

Russiýa gazanç gözläp gelýän adamlar köplenç “neşe” ýagdaýlary bilen bagly töwekgelçilige baş urýar.
Neşe maddalarynda aýyplanýanlar bilen işleýän aklawçy

Beýleki bir özbegistanly, 29 ýaşly Temur Husinow 2019-njy ýylyň tomsunda, ölüme sebäp bolan agyr beden şikesleri sebäpli, alty ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Ol öz tanşy Wiktor Týulýaýew bilen bilelikde ýolda tötänden duşan adamy urupdyr; kellesine urlan nätanyş soň keselhanada ýogalypdyr.

Bu çaknyşyga, hamala, merhumyň özüne edilen bellige agressiw jogap bermegi sebäp bolupdyr. Kazyýet merhumyň hereketini "bikanun" hasaplap, aýyplanýan Husinowyň ýaşlygyny we akyl hassalygyny jenaýaty ýeňilleşdiriji ýagdaýlar hökmünde bellige alypdyr. Aklawçysy bu hökümden dokuz gezek şikaýat etse-de, karar üýtgedilmändir. Husinow şu ýylyň noýabr aýynda azatlyga çykmaly eken.

Zamun alyjylaryň iň kiçisi Täjigistanda doglan, 23 ýaşly Rustamçon Nawruzi bolup, onuň Russiýada hemişelik ýaşaýan ýeri hem bolmandyr. Ol 2022-nji ýylda Wolgogradda neşe gaçakçylygynda aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilipdir we özüne çykarylan hökümden şikaýat etmegi hem başarmandyr.

"Wot tak" neşiri Nawruziniň garyndaşy bilen söhbetdeş boldy, ol onuň ýetginjek ýyllaryndan bäri Wolgogradda bir gurluşykda işländigini, ýöne şikaýat etmek üçin ýeterlik pulunyň bolmandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, garyndaşy ýaş ýigidiň “Russiýada zaýalanandygyny”, öz ýurdunda kanuna boýun, dindar, YouTube kanalynda dürli yslam wagyzçylaryna tomaşa eden oglan bolandygyny aýtdy.

Täjigistanda doglan, 28 ýaşly Nazirçon Toşow hem Moskwa has ýaş wagtynda gelipdir we “neşe” maddasynda aýyplanypdyr. Nazirçona çalym edýän bir adam 2017-nji ýylda Mýanmaryň ilçihanasynyň öňünde Rohinga musulmanlarynyň ýanalmagyna garşy guralan rugsatsyz mitinge gatnaşypdyr.

Toşowyň höküminde aýdylmagyna görä, ol, hamala, öz iki iş şärigi bilen, awtoulagyň buky ýerinde gizläp, 506 gezeklik dozany, ýarym kilograma golaý geroini satmak üçin bir ýerden başga bir ýere getirmekde aýyplanypdyr.

Toşow deslapky derňew wagtynda bergilerini üzmek üçin pula mätäç bolandygyny, WhatsApp messenjerinde neşe serişdelerini daşap, 70 müň rubl gazanmak mümkinçiliginiň teklip edilendigini aýtdy. Kazyýet onuň eden işine ökünmegini, iki ýaşly çagasynyň bolmagyny, ozal sud edilmändigini ýeňilleşdiriji ýagdaý hökmünde nazara aldy, oňa sekiz ýarym ýyl tussaglyk hökümi çykaryldy.

Neşe maddalarynda aýyplanýanlar bilen işleýän aklawçynyň Kawkaz.Realiiniň habarçysyna anonimlik şertinde aýtmagyna görä, Russiýa gazanç gözläp gelýän adamlar köplenç “neşe” ýagdaýlary bilen bagly töwekgelçilige baş urýar.

“Olaryň (jenaýat işleriniň) nähili galplaşdyrylýandygy syr däl. Her bir işde diýen ýaly “şahsyýeti anyklanmadyk”, gaçakçylara gowy girdeji wada beren “näbelli adam” bar, ýöne birinji ýa-da ikinji partiýadan soň polisiýa olary “ýük” bilen ele salýar. Guramaçylaryň özleri hiç haçan tussag edilmeýär. Şol bir wagtda, hukuk goraýjy edaralar gadagan edilen maddalary kimiň nirä we haçan eltip berýändigini elmydama anyk bilýärler. Mysal üçin, ýol polisiýasynyň barlag nokadynda hut Toşowyň awtoulagyny sakladylar we neşe maddalaryny anyk nireden gözlemelidigini soraman bildiler. Bu howpsuzlyk güýçleriniň şeýle “açyşyň” gurnaýjylary bolmasa-da, jenaýat jemgyýeti bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny we olardan jikme-jik maglumat alýandygyny aňladýar” diýip, aklawçy düşündirdi.

Olaryň (jenaýat işleriniň) nähili galplaşdyrylýandygy syr däl. Her bir işde diýen ýaly “şahsyýeti anyklanmadyk”, gaçakçylara gowy girdeji wada beren “näbelli adam” bar...
Aklawçy

Onuň sözlerine görä, Russiýada galmak hukugyny berýän, ýöne nädogry resmileşdirilen ýa-da täzelenmedik, möhleti uzaldylmadyk resminamalar sebäpli, Merkezi Aziýadan gelen migrantlar köplenç kanuny çäklerden daşarda, goragsyz ýagdaýda galýar. Olar köplenç agyr fiziki zähmete we amatlyklary bolmadyk durmuş şertlerine razy bolýar, şol bir wagtda iş berijiler olary aldap hem bilýär.

“Olaryň köpüsi yzda galan maşgalalaryny eklemek üçin gelen adamlar. Migrantlara garşy ritorika garamazdan, rus häkimiýetleri işçi güýjünden ýüz öwrüp bilmeýär. Sebäbi olaryň deregine gurluşyk meýdançalaryndaky müňlerçe iş ýerini doldurjak adam ýok. Emma betpygyl iş berijiler we korrupsiýa, kyn durmuş şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň käbiri dellallaryň gepine ynanyp, aňsat pul gazanmaga çalyşýarlar" diýip, aklawçy aýtdy.

Wolgograd sebitindäki 19-njy jeza, düzediş koliniýasy
Wolgograd sebitindäki 19-njy jeza, düzediş koliniýasy

Döwlet şowsuzlygy

Ele geçiriş koloniýanyň ştabynda, düzgün-nyzam komissiýasynyň hepdäniň bäşinji gününde ýygnanyp, içerki düzgün-tertibi bozan tussaglara berilmeli jezalary kesgitleýän ýerinde boldy diýip, “Kommersant” habar berdi.

Tussaglar türme işgärleriniň parhsyzlygyndan ýa-da geleňsizliginden peýdalanyp, olara hüjüm etdiler. Olar “Yslam döwleti” toparynyň baýdagyny çykardylar, tussaglaryň biri, belki-de elde ýasalan, partlaýjy maddalara berkidilen simleri görünýän keltekçäni geýdi.

Başda olaryň 2 million dollar we dikuçar talap edendikleri habar berildi. Ýöne habarlary yzarlaýan zamun alyjylar muny ret etdiler.

Olar ele geçirişiň maksadynyň Moskwanyň golaýyndaky “Krokus Siti Holda” bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşyjylar üçin ar almakdan ybaratdygyny aýtdylar; görkezilen mukdardaky puly däl-de, awtoulag we ýarag talap etdiler.

Başga bir maglumata görä, ele geçirişiň sebäbi Rostowyň deslapky tussaghanasynda bolan bidüzgünçilikden soň koloniýadaky şertleriň has-da berkidilmegi, gazaply bolmagy bilen bagly. Ýagny, ýolbaşçylar dini edebiýata gadaganlyk girizip, adatça musulmanlaryň türmede bolmanda kiçiräk sakgal goýbermäge rugsat berilmegini soramalaryna garamazdan, ähli tussagyň sakgalyny syrmak kararyna gelýär diýip, “Maş” telegram kanaly ýazýar.

"...türme işgärleri, düzgün bolşy ýaly, smartfon, SIM karta, zarýad beriji söwdasy bilen giňden meşgul bolýar. Barlag wagtynda olary konfiskasiýa edip, soň gaýtadan hem satyp bilýärler.
Hukuk goraýjy

Koloniýadaky ele geçirişden birnäçe sagat soň hüjüm başlandy. Rosgwardiýanyň mergenleri zamun alyjylaryň ählisini atyp öldürdi. FSIN-iň, jeza çäreleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän fedarl gullugyň anyklaşdyrmagyna görä, koloniýanyň işgärlerinden başga, dört sany tussag hem ejir çekdi.

“Baza” kanalynyň maglumatyna görä, olaryň hemmesi öldi - zamun alnanlar kellesinden ok geçen, elleri daňylgy ýagdaýda tapyldy.

Uly terrorçylyk hüjümleriniň ýygjamlaşmagy, Wolgograd koloniýasyndan ozal, ýyl başyndan bäri "Krokus Siti Hol” konsert zalynda, Dagystandaky ybadathanada we sinagogda, Rostowyň 1-nji DIZO-synda (Deslapky derňew tussaghanasynda) bolan hüjümler iş başyndaky häkimiýetleriň bolup geçýän zatlardan netije çykarmaýandygyny we şu sebäpden ýüze çykýan kynçylylaryň hötdesinden gelip bilmeýändigini görkezýär.

Bu pikir Kawkaz.Realiniň redaksiýasyndaky söhbetdeşlige gatnaşan Ýewgeniý Koçegine, Wolgogradyň “Dozor" hereketiniň liderine degişli. Howpsuzlyk güýçleri soňky iki ýylda urşy tankytlaýanlara garşy galplaşdyrylan jenaýat işlerini düzýän we “ukrain yzyny” gözleýän wagtynda “Yslam döwleti” topary ýurtda öz bazasyny döretdi diýip, aktiwist pikir edýär.

“Üns beriň: terroristleriň ählisi içerki, durmuşy aýyplamalar bilen tussag edilen adamlar. Olar soň, koloniýada radikallaşdyrylypdyr. Korrupsiýa sebäpli ol ýere smartfon getirip, şübheli wagyzçylaryň wideolaryny görüp bolýar, sebäbi türme işgärleri iş kesilen migrantlary we musulmanlary kemsidýär, olar hakyky hukuk kömegini alyp bilmeýär. Şeýlelikde, olar “Yslam döwleti” toparyna çekilmek üçin sosial baza, esasa öwrülýär” diýip, aktiwist pikirini dowam etdirdi.

Koçegin Wolgogradyň ýörite tussaghanasynda administratiw kazyýet işi sebäpli oturan wagtynda kameradaş tussaglarynyň ýedi müň rubla smartfon edinendigini, ony türme işgärleriniň özleriniň getirip berendigini ýatlady.

Koloniýada bu tejribe has giň gerimde ulanylýar diýip, aktiwist 19-njy düzediş koloniýasynda guralan hüjümden soň “Dozor” hereketiniň botuna Surowikonyň ýaşaýjylaryndan habar gelendigini, olaryň koloniýa işgärleriniň merkezi aziýaly tussaglar babatynda hakykatdanam ksenofob garaýyşlarynyň bardygyny aýdandyklaryny hem sözüne goşdy.

Jezasyny çekýänlere edilýän sütemlere we tussaglaryň nähili adamkärçiliksiz şertlerde saklanylýandygyna bu ýerde yzygiderli ýagdaýda ýüze çykýan tussag protestleri hem şaýatlyk edýär.

“Meseläniň beýleki tarapyna hem göz aýlaň: adamlaryň zamun alynmagy “Krokus Siti Holdaky” terror hereketinde aýyplananlaryň gynalandygy üçin ar alyş boldy. Muňa, metbugat maglumatyna görä, zamun alnanlaryň biriniň gulagyny kesmäge edilen synanyşyk hem şaýatlyk edýär. Bu Moskwanyň eteginde bolan terrorçylykda aýyplanýanyň saklanyşyny görkezen wideo bilen bagly. Rus döwleti rehimsiz hereket etmäge, paýlary ýokarlandyrmaga öwrenişdi. Emma bu ýönekeý raýatlar üçin geçerli bolsa-da, olar özlerini gurban etmäge taýyn däl, onsoň bu terrorçylary has gazaba çykarýar” diýip, Wolgogradyň ýaşaýjysy sözüni jemledi.

Tussaglar “şol derejä ýetirildimi”?

19-njy düzediş koloniýasyndaky wakalar FSIN desgasynda iýun aýyndan bäri bolan ikinji zamun alyşlyk aldy. Şonda, iýunda birnäçe tussag kameralaryndan gaçyp, Don boýundaky Rostow şäheriniň merkezindäki 1-nji SIZO-nyň, deslapky tussaghananyň iki işgärini zamun aldy. Bu hüjümçiler hem “Yslam döwleti” toparynyň adyndan hereket etdiler. Netijede, işgärler boşadyldy, howpsuzlyk güýçleri “jenaýatçylaryň ýok edilendigini” aýtdylar. Hüjüme ýedi adam gatnaşdy (başda olaryň alty adamdygy aýdylypdy), soň olaryň ikisiniň diri galandygy belli boldy. Olar Stawropol sebitinde doglan, agyr ýaralanan Daniil Kamnew bilen inguşetiýaly Malik Gandaloew.

Bu wakalardan soň, adam hukuklaryny goraýjylaryň habar bermegine görä, çeçenistanly we dagystanly tussaglary başga bir tussaghana geçiripdirler we indi olaryň täze ýerde gynamalara sezewar edilmegi mümkin. Kawkaz.Realii web sahypasy ýitirim bolan iki tussagyň garyndaşlary bilen habarlaşdy, olar tussaglardan azyndan birnäçe hepde bäri habar alyp bilmeýändiklerini aýtdylar.

"Mundan başga, kameralardaky demir gözenekler diwarlara kebşirlenen, olary goparyp aýyrmak aňsat iş däl. Surowikinoda biz başga bir kartinany görýäris” diýip, “Raýat ýardamçylygy” komitetiniň hukuk goraýjysy Kawkaz.Realii saýtyna aýtdy. Bu gurama, täjirçilik etmezden, rus türmelerinde saklanylýan musulman tussaglarynyň hukuklarynyň bozulmazlygyna hem gözegçilik edýär.

Hünärmeniň pikiriçe, Wolgogradda bolup geçen wakalara tussaglaryň “şol derejä ýetirilmeginiň” sebäp bolan bolmagy hem mümkin. Aýdaly, “terrorçylyk” bilen deňeşdirilende, degişlilikde hüjümçileriň galan türme möhletleri beýle uly däl we olaryň ýakyn wagtda, möhletleri dolmazyndan öň, şertli ýagdaýda azatlyga çykmak mümkinçiligi bar. Şu sebäpden, olaryň beýle radikal hereketlere ýüz urmagynyň haýsydyr bir düýpli sebäpleri bolmaly.

“Biz bu praktikany FSIN ulgamynyň hemme ýerinde görýäris: adam eýýäm jezasyny çekip ýör, emma oňa azar berýärler, ol kemsidilýär, gynalýar, islendik hukukdan mahrum edilýär. Sistema şeýdip düzgün-tertibi saklamaga çalyşýar. Surowikino koloniýasyndaky wakalar munuň nähili netijelere getirjekdigini görkezdi" diýip, hukuk goraýjy netije çykarýar.

Iş kesilenleriň tussaghanada “Yslam döwletiniň” baýdagy we internete birikdirilen smartfonlar bilen üpjün edilmegi barada gürrüň edip, hukuk goraýjy bu zatlary berk düzgünli koloniýanyň içinde diňe ol ýerdäki howpsuzlyk işgärleriniň üsti bilen alyp boljakdygyny öňe sürýär.

"Iş kesilenler we koloniýa gelen adamlar uçdantutma berk barlanýar, geçirilýän peredaçiler, azyk bukjalary hem gaty berk gözden geçirilýär, olary bu ýere geçirmek mümkin däl. Şol bir wagtda, türme işgärleri, düzgün bolşy ýaly, smartfon, SIM karta, zarýad beriji söwdasy bilen giňden meşgul bolýar. Barlag wagtynda olary konfiskasiýa edip, soň gaýtadan hem satyp bilýärler" diýip, hukuk goraýjy guramanyň wekili aýtdy.

Bu hili adatdan daşary ýagdaýdan soň, düzediş edaralarynda, adatça, gözleg, barlag geçirmek bahanalary bilen “gorkuzmak, tussaglaryň gözleriniň oduny almak çäreleri” görülýär, ýörite güýçler “negatiw meýilli” hasaplanýan tussaglary aýratyn gazap bilen ýenjýärler diýip, Gulagu.net taslamasynyň düýbüni tutujy Wladimir Oseçkin aýtdy.

“Rostowyň derňew izolýatorynda bolup geçen wakalardan soň FSIN bu hili zatlaryň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleri görmelidi. Emma biz munuň tersini görýäris. Bu FSIN-iň Wolgograd dolandyryjylarynyň operatiw gullugynyň we FSB-niň, radikallaşma meýilli tussaglar, şol sanda daşary ýurtlular bilen alnyp barylýan işlere ýolbaşçylyk edýän federal howpsuzlyk býurosynyň işiniň şowsuz bolandygyny aňladýar” diýip, hünärmen belledi.

Oseçkin indi tussaglaryň, hususan-da yslama aç-açan uýýanlaryň ýagdaýynyň has-da ýaramazlaşjakdygyny aýtdy.

"Hatda ýokarky ýolbaşçylar görkezme bermese-de, koloniýalaryň ýolbaşçylary "nurbatlary berkiderler", musulmanlaryň tussaglykdaky şertlerini ýowuzlaşdyrarlar, olaryň namaz okamagyny ýa-da gysga sakgal goýbermegini gadagan ederler. Bu ters netijä getirmän bilmez: eger pružini uzak wagtlap gyssaň, ol ahyrynda bat bilen açylýar” diýip, hünärmen aýtdy.

Günde bäş wagtyna namaz okamak we namazdan öň täret kylmak, ýuwnup-ardynmak, şeýle-de Remezan aýynda agyz beklemek mümkinçiliginiň bolmazlygy iş kesilen musulmanlaryň esasy kynçylyklary bolup durýar diýip, "Raýat ýardamçylygynyň" 2020-nji ýylda çap edilen analitiki hasabatynda aýdylýar. "Gulagu.net" taslamasynyň esaslandyjysy Wladimir Oseçkin we Harward uniwersitetiniň ylmy barlagçysy, ylymlaryň doktory Wera Mironowa hem Kawkaz.Realiiniň redaksiýasyna rus koloniýalarynda musulmanlary nähili gynaýandyklaryny gürrüň berdi.

Russiýanyň Ýokary kazyýeti Alekseý Nawalnynyň Adalat ministrligine eden iki şikaýatyny ret etdi. Ol koloniýalarda din azatlygyny çäklendirýän içerki düzgünleriň birnäçe punktynyň ýatyrylmagyny talap etdi: FSIN-iň wekilleri yslam dinini öwrenýän adamlarda “uly howp” görýär diýip, oppizisioner aýtdy. "Kawkaz.Realiiniň" habarçysy Russiýanyň koloniýalaryndaky musulmanlaryň haýsy anyk kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we howpsuzlyk güýçleriniň olar babatdaky birtaraply garaýşyna nämäniň sebäp bolýandygyny seljermäge çalyşdy.

  • Dagystanly, çeçenistanly we özbegistanly tussaglar, yslam dinine uýýan bäş adam Ulýanowsk sebitindäki türme işgärleriniň zorluk-sütemleri we dini duýgularyny masgaralap eden hereketleri barada gürrüň berdi. Tussaglaryň sözlerine görä, olaryň sakgallaryny zor bilen syrypdyrlar, dini edebiýatlaryny we namazlyklaryny ellerinden alypdyrlar, boýun egmedikleri bolsa ýenjipdirler. Musulmanlara şeýle çemeleşilmegi Russiýanyň jeza edaralarynda adaty zat bolup, dindarlaryň dini duýgularynyň masgaralanmagy baradaky jenaýat maddasy diňe aktiwistleri ýanamak üçin ulanylýar diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.
  • Kalmykiýada (Galmygystanda) kazyýet 2-nji berk düzgünli düzediş koloniýasynyň howpsuzlyk bölüminiň gözegçilik toparynyň kiçi inspektory, praporşik Nimýu Mandjiýewi zorluk ulanmak arkaly ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy, ol bir tussagy rezin taýak bilen urupdyr. Emma kazyýetiň bu iş boýunça kesgitlän jezasy Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan maddadaky iň az möhletden hem iki esse az boldy.
  • Inguşetiýaly tussag Waha Tsurow bolsa, Kareliýa koloniýasynda dini ybadatlaryny berjaý edendigi sebäpli görkezilen basyşlar barada gürrüň berdi. Bu edaranyň administrasiýasy maňa belli-belli sagatlarda namaz okaýandygym üçin birnäçe gezek düzgün-tertip çäresini gördi diýip, ol öwez puly hökmünde 100 müň rubl talap edilýän kazyýet şikaýatynda aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG