Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň zarbalary sebäpli Zaporižžýada we Sinelnikowoda heläk bolanlar bar

Odessa urlan zarbalaryň netijeleri
Odessa urlan zarbalaryň netijeleri

4-nji fewrala geçilýän gije rus goşunlary Ukrainanyň Odessa sebitini nyşana aldy, iki zenan ýaralandy, olara ýerinde lukmançylyk kömegi berildi diýip, şäher administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň üç etrabynda raýat we senagat infrastrukturasyna zeper ýetdi. 20-den gowrak ýaşaýyş jaýy, iki çagalar bagy, mekdep we senagat desgasyndaky bir administratiw bina zaýalandy.

Gijäniň dowamynda rus dronlary Dnipropetrowsk oblastynyň Sinelnikow etrabyna hem hüjüm etdiler. Sebit administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Ganžanyň maglumatyna görä, iki adam heläk boldy, ýene ikisi şikes aldy. Zarba netijesinde üç hususy jaý zaýalandy, ýene biri bolsa doly weýran boldy. Hüjüme Nikopol etraby hem sezewar boldy, infrastruktura we elektrik geçiriji liniýa zaýalandy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, çarşenbe geçilýän gije rus goşunlary Ukraina garşy jemi 105 dron atdy, olaryň 88-si zyýansyzlandyryldy.

XS
SM
MD
LG