Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abu-Dabide Russiýa, Ukraina we ABŞ arasynda gepleşikleriň täze tapgyry geçirilýär

Gepleşikleriň öňki tapgyry
Gepleşikleriň öňki tapgyry

4-nji fewralda Abu-Dabide (BAE) Ukrainadaky parahatçylyk boýunça üçtaraplaýyn gepleşikleriň täze tapgyry başlandy. Bu barada ukrain wekiliýetiniň başlygy Rustem Umerow hem-de Russiýanyň TASS agentligi habar berdi.

Russiýanyň wekiliýetine, iki hepde öň geçirilen ozalky duşuşykdaky ýaly, Baş harby ştaba degişli Baş dolandyryş edarasy (GRU) ýolbaşçysy Igor Kostýukow ýene ýolbaşçylyk edýär. Amerikan wekiliýetiniň düzüminde hem öňküsi ýaly prezident Donald Trampyň ýörite wekilleri Stiw Witkoff we Jared Kuşner bar.

Umerowyň sözlerine görä, gepleşikler üçtaraplaýyn formatda başlandy. Soňra aýratyn ugurlar boýunça iş toparlarynyň işi dowam etmeli, ondan soň bolsa pozisiýalaryň “gaýtadan bilelikde sinhronlaşdyrylmagy” meýilleşdirilýär. Duşuşyklaryň iki gün, ýagny 4-5-nji fewral aralagynda dowam etmegine garaşylýar.

Gepleşikler ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Abu-Dabidäki täze gepleşikleriň netijeleri barada Kremliň maglumat bermegi meýilleşdirmeýändigini öňünden aýtdy.

XS
SM
MD
LG