Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, rus goşunlary 5-nji fewrala geçilýän gije Ukraina garşy iki sany “Iskander-M” kysymly ballistik raketany, şeýle-de 183 sany drony atdy. Pilotsyz enjamlaryň 156-sy zyýansyzlandyryldy.
Beýanatda ballistik raketalaryň we 22 sany pilotsyz uçýan hüjüm enjamlarynyň 16 ýerde nyşanalara degendigi, şeýle hem atylyp düşürilen dronlaryň galyndylarynyň 7 ýerde gaçmagy hasaba alnandygy aýdylýar.
Kiýewiň Solomenski etrabynda rus hüjümi netijesinde iki zenan şikes aldy.
Dnipropetrowsk oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Ganža Krywyý Rih etrabyna zarba urlandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, adam pidasy ýok.
Dron zarbalarynyň netijesinde Sinelnikow etrabynda bir kärhana, administratiw bina, hususy jaýlara we hojalyk desgalaryna zeper ýetdi. Pawlograd etrabynda gimnaziýa zaýalandy.