Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain we rus resmileri ABŞ-nyň araçylygyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň ikinji gününe başlady

Ukrainanyň we Russiýanyň gepleşikçileri Abu-Dabide
Ukrainanyň we Russiýanyň gepleşikçileri Abu-Dabide

Russiýa we Ukraina resmileri Moskwanyň Ukrainadaky tas dört ýyl bäri dowam edýän urşuny bes etmäge gönükdirilen, ABŞ-nyň araçylygyndaky gepleşikleriň ikinji gününe başladylar. Gepleşikçiler Ukrainanyň territoriýasy we howpsuzlyk kepillikleri ýaly esasy dawaly meseleleriň üstünde gürleşýärler.

Kremliň baş wekili Kirill Dmitriýew 5-nji fewralda duşuşyklarda “öňe gidişligiň” we oňyn hereketiň bolandygyny aýtdy. Ukrainanyň baş gepleşikçisi Rustem Umerow bolsa pikir alyşmalaryň ilkinji gününiň “manyly we netijeli” geçendigini, onuň “anyk ädimlere we praktiki çözgütlere” gönükdirilendigini belledi.

Abu-Dabidäki gepleşikleriň öňüsyrasynda rus we ukrain resmileri öňegidişligiň käbir alamatlarynyň bardygyny yşarat etdiler. Duşuşyklara iki ýurduň hem häzirki, hem öňki aňtaw gulluklarynyň işgärleri gatnaşýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýakyn wagtda ýene bir harby ýesir alyş-çalyşygyň bolup biljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Russiýa gepleşikleriň öň ýanynda uruş döwrüniň iň uly dron we raketa zarbalarynyň birini amala aşyryp, Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna güýçli zarba urdy. Bu sowuk gyş şertlerinde ýaşaýan parahat ilatyň ýagdaýyny has hem agyrlaşdyrdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere Russiýanyň pozisiýasynyň üýtgemändigini we munuň “Kiýew hem-de amerikan gepleşikçileri tarapyndan doly derejede aýdyň hem-de gowy düşünilýändigini” aýtdy.

2022-nji ýylyň fewralyndan soňraky birnäçe aýyň dowamynda ýüzbe-ýüz gepleşikler geçirilenden soň, Moskwa bilen Kiýew geçen ýylyň maýyna çenli göni gepleşik geçirmediler. Prezident Donald Tramp urşuň çözülmegini daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan meseleleriniň biri hökmünde goýsa-da, urşuň dowam edýändigine nägileligini bildirdi.

Ak tamyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýedi gezek duşuşan baş gepleşikçisi Stiw Witkoff Abu-Dabidäki gepleşiklere Trampyň giýewisi Jared Kuşner bilen bilelikde gatnaşdy.

Taraplaryň pozisiýalarynyň arasyndaky aratapawut belli bir derejede gysgalan hasaplanýar. Esasy çapraz meseleleriň biri, bu Kiýewiň gözegçilik edýän, emma Moskwanyň özüne berilmegini talap edýän Ukrainanyň Donbas sebitindäki territoriýa meselesidir.

Zelenski ýaragsyzlandyrylan zona döretmegi, mümkin bolsa ýewropaly parahatçylyk goraýjylary ýerleşdirmegi teklip etdi. Russiýa muny kesgitli ret etdi.

Kiýew şeýle hem ABŞ-dan we beýleki günbatar ýaranlaryndan hökmany howpsuzlyk kepilliklerini isleýär. Bu kepillikler geljekde Russiýa ýene hüjüm eden ýagdaýynda daşarky ýurtlaryň Ukrainanyň kömegine gelmegini borçly eder.

Forum

XS
SM
MD
LG