Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahalaryň ýokarlanmagy we söwda anomaliýasy. Merkezi Aziýanyň altyny nirä gidýär?

Ilýustratiw surat.
Ilýustratiw surat.

Merkezi Aziýa döwletleri her ýyl onlarça tonna altyn gazyp çykarýarlar. Olaryň hersiniň öz gymmat bahaly metal ýataklary bar, Gazagystan bilen Özbegistan bolsa altyn ätiýaçlyklarynyň möçberi boýunça dünýäniň ilkinji ýigrimi ýurdunyň hataryna girýär.Soňky ýyllarda gymmat bahaly metallaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen dünýäniň köp ýurtlary altyn ätiýaçlyklaryny artdyrýarlar. Merkezi Aziýa ýurtlary hem altyn gorlaryny işjeň artdyrýarlar.

Emma hemişe beýle bolmandy. Mundan birnäçe ýyl öň halkara derňewçiler altynyny köp möçberde satýan Russiýanyň goňşy ýurtlarynyň sanksiýalardan sowlup, rus altynyny Günbatara ýetirmek üçin ulanylan bolmagynyň mümkindigini öňe sürüpdiler. Hususan-da, Astana bilen Daşkent belli bir döwürde Ýewropa iberilýän altynyň möçberini birden artdyrdy. Bu möçberleri diňe şol ýurtlaryň öz altyn önümçiligi we ätiýaçlyklarynyň satylmagy bilen düşündirmek kyn boldy. Halkara bilermenleri bu akymlaryň bir böleginiň Russiýada öndürilen altyn bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çakladylar. Ýakynda Gyrgyzystan bilen Hytaýyň söwda statistikasynyň arasynda hem tapawutlar ýüze çykdy.

Ýöne şübheli hasaplanýan şeýle shemalaryň haýsydyr biri subut edildimi? Umuman, altyn ýerden çykarylan pursatyndan başlap, merkezi banklaryň ammarlaryna ýa-da Günbatara baryp ýetýänçä onuň bilen näme bolýar? Biz altynyň Merkezi Aziýadaky känlerden başlap, taýýar altyn guýmasyna çenli geçýän ýoluny yzarladyk.

Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň känlerinde dünýäniň iň gymmatly we iň likwid metallarynyň biri bolan altynyň her ýyl onlarça tonnasy çykarylýar. Käbir ýurtlar ony altyn ätiýaçlygyna öwürýärler, beýlekiler eksport edýärler. Käbir ýurtlar üçin bolsa altyn eksport girdejileriniň iň möhüm çeşmeleriniň biridir.

Känden çykarylan altyn bilen taýýar guýmanyň arasynda bolsa arassalama zawodlaryndan, döwlet banklaryndan, söwdagärden we araçylardan ybarat tutuş bir ulgam bar.

Altynyň ýoly kän ýerinden başlanýar. Gazyp alnan magdanyň bir tonnasynda gymmat bahaly metalyň bary-ýogy birnäçe gramy bolup biler. Magdan owradylýar we gaýtadan işlenip, altyn beýleki dag jynslaryndan bölünip aýrylýar. Alnan material eredilip, “dore” diýlip atlandyrylýan garyndy guýma öwrülýär. Dore altynyň, kümşüň we beýleki garyndylaryň birleşmesidir. Ondan soň affinaž, ýagny altyny ýokary arassalyk derejesine çenli arassalamak işi geçirilýär. Soňra altyn bazara çykarylýar we banklara, merkezi banklara, söwdagärlere, zergärlere, senagat kompaniýalaryna we maýadarlara satylýar.

Gazagystan: gazyp almak, gaýtadan işlemek we ätiýaçlyk toplamak

Gazagystan sebitdäki esasy altyn öndürijileriň biridir. “World Gold Councilyň” maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurt 82 tonnadan gowrak altyn gazyp çykaryp, dünýäde 14-nji orny eýeledi.

Bu ýerde iri senagat möçberinde altyn çykarylýar. Şol bir wagtyň özünde döwlet öndürilen altynyň uly bölegini özi satyn alýar we ony ilkinji bolup satyn almak hukugyna eýedir. Bu syýasat altyn-walýuta ätiýaçlyklaryny artdyrmak maksady bilen 2011-nji ýylda girizildi.

«2011-nji ýylda arassalanan altyny hökmany ýagdaýda Milli banka satmak düzgüniniň girizilmegi uly oňyn täsir etdi. Bu walýuta ätiýaçlyklaryny artdyrmakda we Gazagystanyň altyn gazyp alyş pudagynyň ösmegine ýardam bermekde möhüm ädim boldy. Maksatnamanyň ilkinji maksatlaryna ýetildi. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli walýuta ätiýaçlyklary taryhy rekord derejesine, 45,8 milliard dollara ýetdi» diýlip, Gazagystanyň Milli bankynyň saýtynda habar berilýär.

Gazagystanyň Akmola oblastyndaky altyn öndürýän zawodyň sehinde işçi galypdan altyn guýmasyny çykarýar.
Gazagystanyň Akmola oblastyndaky altyn öndürýän zawodyň sehinde işçi galypdan altyn guýmasyny çykarýar.

Häzirki wagtda hem Gazagystan döwlet ätiýaçlyklaryny artdyrmagy dowam etdirýär. 2025-nji ýylda Milli bank altyn ätiýaçlyklaryny bir ýylyň içinde 57 tonna artdyrdy. Bu 1993-nji ýyldan bäri elýeterli statistika boýunça bir ýylda amala aşyrylan iň uly altyn satyn alyş möçberidir.

Resmi maglumatlara görä, geçen ýyl ýurtda takmynan 127 tonna işlenmedik altyn we 71 tonna affinaž edilen, ýagny garyndylardan arassalanan altyn öndürildi. Monetar altynyň ätiýaçlygy 368 tonnadan geçýär. Bu görkeziji boýunça Gazagystan dünýäde 16-njy ýerde durýar.

«Altyn gazyp alyş pudagy Gazagystanyň hakykatdan-da buýsanyp biljek pudaklarynyň biridir. Ol soňky 15 ýylyň dowamynda birnäçe esse ösdi. Bu Gazagystanyň senagatynda möhüm pudakdyr. Gazagystan altyn önümçiligini birnäçe esse artdyrdy» diýip, garaşsyz maliýe analitigi Andreý Çebotarýow aýdýar.

Özbegistan — sebitde ätiýaçlyk boýunça öňdebaryjy

Özbegistan hem Merkezi Aziýada we dünýäde iri altyn öndürijileriň biridir. “World Gold Councilyň” maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurt takmynan 125 tonna altyn gazyp çykaryp, dünýäniň iň uly on öndürijisiniň hataryna girdi.

Pudagyň esasy oýunçysy döwlet eýeçiligindäki Nawoý dag-magdan metallurgiýa kompaniýasy “NMMCdir”. Şu ýylyň birinji ýarymynda kompaniýa 1,5 milliondan gowrak troýa unsiýasy, ýagny takmynan 47 tonna altyn öndürdi.

Kompaniýanyň esasy aktiwi dünýäniň iň iri altyn känleriniň biri bolan Muruntau känidir. Umuman, kompaniýanyň düzümine 12 sany iri kän, ýedi kärhana we iki sany üýşürip aşgarlaýyş toplumy girýär.

Özbegistanda tapylan altyn bölegi.
Özbegistanda tapylan altyn bölegi.

NMMC döwlet gözegçiliginde galýar. Özbegistan pudagy kem-kemden özgertmek we bölekleýin hususylaşdyrmak üçin taýýarlyk görýär, emma iň iri altyn gazyp alyş aktiwleri häzirlikçe döwlet eýeçiliginde galýar. 2025–2026-njy ýyllarda NMMCniň paýnamalarynyň bir bölegini halkara bazarynda ýerleşdirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Altyn ýurduň halkara ätiýaçlyklarynyň hem örän uly bölegini tutýar. 2026-njy ýylyň awgust aýynda onuň paýy 87 göterime deňdi. Monetar altynyň ätiýaçlygy boýunça Özbegistan Gazagystandan öňde durýar: Daşkent 431 tonnadan gowrak altyn toplap, ätiýaçlyk möçberi boýunça dünýäde 14-nji, Merkezi Aziýada bolsa birinji orny eýeleýär.

«Altyn gowy girewdir. Ony hökman satmak gerek däl. Altynyň esasynda size pul bererler. Siz diňe obligasiýalary ýerleşdirip: "Ynha, meniň ýerzeminimde altyn guýmalarym bar, şonuň girewine maňa pul beriň" diýýärsiňiz. Size pul berýärler, siz hem altynyň özüni satman şol puly harçlaýarsyňyz. Sebäbi häzir altyny satmazlyga çalyşýarlar. Ähli çaklamalar onuň bahasynyň mundan beýläk hem ýokarlanjakdygyny görkezýär. Dartgynlylyk, Tramp we beýleki ýagdaýlar sebäpli» diýip, Andreý Çebotarýow belleýär.

Kumtor — Gyrgyzystanyň iň möhüm käni

Gyrgyzystan altyn gazyp alyş möçberi boýunça Gazagystandan we Özbegistandan ep-esli yza galýar. Emma ýurduň ykdysadyýeti üçin altynyň ähmiýeti örän uludyr.

Esasy çeşme Gyrgyzystanyň iň iri altyn käni bolan Kumtor känidir. 2025-nji ýylda bu ýerde 12 tonna altyn çykaryldy, kompaniýanyň girdejisi bolsa 1,5 milliard dollara golaý boldy. “Kumtor Gold Companyniň” öz maglumatlaryna görä, kän ýurduň haryt we hyzmat eksportynyň üçden birinden gowragyny üpjün edýär.

Gyrgyzystandaky altynly Kumtor käni.
Gyrgyzystandaky altynly Kumtor käni.

«Kompaniýanyň 2025-nji ýyldaky girdejisi 1 milliard 434 million ABŞ dollaryna deň boldy, arassa girdejisi bolsa 706 million dollardan geçdi. Salgytlar we beýleki tölegler görnüşinde býujete 246,5 million ABŞ dollary geçirildi. Şeýle hem 300 million dollar möçberinde diwidend tölemek barada karar kabul edildi» diýlip, “Kumtor Gold Companyniň” saýtynda habar berilýär.

Kumtor döwlet gözegçiligine geçenden soň (millileşdirmek işi 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlandy) ähli ulgam üýtgedi. Kän altyny özbaşdak eksport etmeýär. Şol ýerde öndürilen dore guýmalaryny döwlet eýeçiligindäki «Kyrgyzaltyn» kompaniýasy satyn alýar we soňra metaly Kara-Baltadaky affinaž zawodyna iberýär. Arassalanandan soň altyn iň ýokary 999,9 probasyna ýetýär. Arassalanan altyny ýurduň içinde we daşary ýurtlarda satmak boýunça aýratyn hukuk «Kyrgyzaltyna» degişlidir.

«2025-nji ýylyň jemleri boýunça "Kyrgyzaltyn" açyk paýdarlar jemgyýetiniň girdejisi 20,7 milliard som, arassa girdejisi bolsa 18,7 milliard som boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende girdeji 9% ýokarlandy we bu kompaniýa üçin nobatdaky rekord görkeziji boldy. Paýdarlaryň ýygnagynyň netijesinde alnan girdejiniň 100%-ini döwlet býujetine diwidend hökmünde geçirmek barada karar kabul edildi» diýip, «Kyrgyzaltyn» habar berýär.

Gyrgyzystanyň Milli bankynyň we Ministrler kabinetiniň ýurduň içinde çykarylan altyny ilkinji bolup satyn almak hukugy bar. Merkezi bank ýerli öndürijilerden altyn-walýuta ätiýaçlyklaryny artdyrmak üçin yzygiderli altyn satyn alýandygyny habar berýär.

Bu aktiwleriň möçberi hem ep-esli artdy. 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndaky ýagdaýa görä, Gyrgyzystanyň Milli bankynyň balansynda takmynan 6,3 milliard dollarlyk monetar altyn bardy. Mundan başga-da, balansda takmynan 1,2 milliard dollarlyk monetar däl altyn hasaba alnypdy. “World Gold Councilyň” bahalandyrmagyna görä, 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde Gyrgyzystanyň altyn ätiýaçlygy 49 tonna ýetdi.

Täjigistanda altynly «Zarafşon»

Täjigistanyň iň iri altyn gazyp alyş aktiwi Sogd oblastyndaky Jilau we Taror känlerinde işleýän «Zarafşon» kärhanasydyr. «Zarafşon» sözi pars dilinden terjime edilende «altyn saçýan» ýa-da «altyn ýaýradýan» diýen manyny berýär.

Geçen ýyldan bäri kompaniýanyň 59,5 göterimi Hytaýyň “Zijin Mining” kompaniýasyna, galan bölegi bolsa Täjigistan tarapyna degişlidir.

2025-nji ýylda «Zarafşon» 6,1 tonna altyn öndürdi. Kompaniýanyň ýylda 6,5 tonna çenli altyn eretmäge ukyply öz önümçilik kuwwaty bar.

Täjigistanyň Penjikent şäherindäki altyn magdanyny gaýtadan işleýän zawod.
Täjigistanyň Penjikent şäherindäki altyn magdanyny gaýtadan işleýän zawod.

Täjigistanda öndürilýän altynyň ep-esli bölegini Milli bank satyn alýar. Satyn alnan metal soňra ikinji gezek affinaž etmek, ýagny monetar altynyň standartlaryna çenli arassalamak we halkara ätiýaçlyklarynyň düzümine goşmak üçin daşary ýurda, adatça Şweýsariýa iberilip bilner.

Geçen ýyl Täjigistanyň Milli bankynyň başlygy ýurduň halkara ätiýaçlyklarynda altynyň paýynyň 20 göterime ýetendigini habar berdi.

“World Gold Council” Täjigistanyň altyn ätiýaçlyklaryny 7,4 tonna diýip bahalandyrýar.

Türkmenistan bolsa altyn gazyp alyş kartasynda henizem «ak tegmil» bolup galýar: altyn önümçiligi we ätiýaçlyklary barada elýeterli resmi maglumatlar diýen ýaly ýok. Ýurtda eksportyň esasy bölegini taryhy taýdan uglewodorodlar düzýär.

Söwda statistikasyndaky anomaliýa

«2022-nji ýyla çenli altynyň bahasy ýokarlanmaýardy, hatda pese-de düşýärdi, bazar gapdala hereket edýärdi. Dünýäniň banklary altyny geçmişiň serişdesi hasaplaýardylar. Hemmelere walýuta ýeterlik ýaly görünýärdi. 2022-nji ýyl we Russiýanyň altyn-walýuta ätiýaçlyklarynyň doňdurylmagy köp banklaryň gözüni açdy: walýuta ätiýaçlyklary hem petiklenip bilýär. Ýöne ýerzemindäki altyn hemişe ýerzemindäki altyndyr. Ony islendik wagt satyp bolýar. Şonuň üçin 2022-nji ýyldan soň altynyň bahasy ýokarlanyp başlady. Esasy itergi dünýäniň merkezi banklarynyň gaýtadan altyn satyn alyp başlamagy boldy. Bu onuň bahasyny ýokary galdyrdy. Bahasy ýokarlanýandygy we bu tendensiýanyň häzire çenli dowam edýändigi sebäpli beýlekiler hem altyna üns berip başladylar» diýip, Andreý Çebotarýow aýdýar.

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Häzirki wagtda merkezi banklar global inflýasiýa we geosyýasy dartgynlylyk sebäpli bahasy ýokarlanýan altyny satmakdan has köp, ony toplamaga çalyşýarlar. Soňky bäş ýylyň dowamynda altynyň bahasy üç esse ýokarlandy: 2021-nji ýylda altynyň ortaça bahasy bir unsiýa üçin 1 798 dollar bolan bolsa, 2026-njy ýylyň awgust aýynda 4 598 dollara ýetdi. Emma bahalar şeýle ýokarlanmazdan öň altyn öndürijiler ony işjeň satýardylar.

Şweýsariýaly derňewçi žurnalistler 2024-nji ýylda söwda statistikasyndaky anomaliýa barada ýazdylar. “SWI swissinfo.ch” neşiri Günbataryň Russiýa garşy sanksiýalary girizmeginden soň Gazagystandan we Özbegistandan Beýik Britaniýa hem-de Şweýsariýa iberilýän altynyň möçberiniň adaty bolmadyk derejede ýokarlanandygyna ünsi çekdi.

Käbir döwürlerde söwda möçberlerini diňe ýurtlaryň içerki altyn önümçiligi ýa-da altyn ätiýaçlyklarynyň üýtgemegi bilen düşündirmek kyn boldy.

«Gazagystandan we Özbegistandan altyn iberişleriniň ýokarlanmagy örän uly. 2023-nji ýylda jemi 130 tonna özbek altyny (7,3 milliard Şweýsariýa franky ýa-da 8,54 milliard ABŞ dollary möçberinde) ýokary derejede arassalanan altyn guýmalary görnüşinde geldi. Munuň 100 tonnasy göni Özbegistandan import edildi, 30 tonnasy bolsa Beýik Britaniýanyň üsti bilen getirildi. Bu maglumatlar Federal gümrük we serhet howpsuzlygy edarasynyň (FOCBS) statistikasyna esaslanýar. Bu dünýäniň iň iri altyn söwda merkezleriniň biri bolan Birleşen Arap Emirliklerinden getirilen möçbere (150 tonna) tas deňdir. Şol ýylda Gazagystandan 59 tonna altyn guýmasy (3,3 milliard Şweýsariýa franky möçberinde) gelip gowuşdy. Munuň 58 tonnasy Beýik Britaniýanyň, bir tonnasy bolsa Gyrgyzystanyň üsti bilen geçirildi» diýlip, “SWI swissinfo.ch” neşiriniň derňewinde aýdylýar.

Şeýlelikde, bir sorag ýüze çykdy: bu altynyň ählisi hakykatdan hem Merkezi Aziýadan gelip çykýarmy?

Şweýsariýa neşiriniň ýüz tutan bilermenleri bu akymlaryň bir böleginiň Russiýanyň eksportynyň üçünji ýurtlaryň üsti bilen başga ugra gönükdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çakladylar. Russiýanyň altyn önümçiligi, eksport möçberi we goňşy ýurtlar bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary Merkezi Aziýanyň altyn bazaryna gönüden-göni täsir edýär.

«”SWI swissinfo.ch” söwda görkezijilerini işlemek üçin alty aý sarp etdi we maglumat üpjün edijileri, maliýe edaralary, töwekgelçilik analitikleri, altyn affinažy boýunça hünärmenler hem-de düzgünleşdiriji edaralaryň wekilleri bilen birlikde altyn gazyp alyş pudagynyň milli we halkara bilermenleriniň ýigrimä golaýy bilen maslahatlaşdy. Olaryň köpüsi bu import akymlarynyň alyjylar üçin hukuk we etiki töwekgelçilikler bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar, sebäbi olar halkara sanksiýalaryny bozup we alyjylaryň abraýyna zyýan ýetirip biler» diýip, derňewçiler ýazdylar.

Bu ýerde möhüm bir anyklama bar: derňewçiler altynyň anyk tapgyrlarynyň gelip çykyşyny ýa-da anyk shemalary kesgitlemediler. Olar Özbegistanyň we Gazagystanyň Russiýanyň harby maşynyny maliýeleşdirmäge ýardam etmek maksady bilen sanksiýalardan sowlup geçmek üçin ulanylan bolmagy baradaky aladalary beýan etdiler. Emma bu altynyň belli bir böleginiň hökman Russiýadan gelendigini biragyzdan aýtmak mümkin däl.

Azatlyk Aziýa Şweýsariýanyň derňewçileriniň çaklamalaryna düşündiriş bermeklerini sorap, Gazagystanyň Milli bankyna we Özbegistanyň Merkezi bankyna ýüz tutdy. Makala çap edilýänçä jogap gelip gowuşmady.

19-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň derňewi hem çap edildi. Onda Gyrgyzystan bilen Hytaýyň altyn söwdasy baradaky statistikasynyň arasynda örän uly tapawut bardygy habar berildi. Hytaýyň gümrük maglumatlaryna görä, 2024–2025-nji ýyllarda Gyrgyzystandan takmynan 78 tonna altyn (umumy bahasy takmynan 7,6 milliard dollar) gelipdir. Munuň 30 tonnadan gowragy 2024-nji ýylda, 47,9 tonnasy bolsa 2025-nji ýylda gelip, soňky möçberiň bahasy 5 milliard dollara golaý bolupdyr.

Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti 2025-nji ýylda göni Hytaýa bary-ýogy 200 gram altynyň eksport edilendigini aýdýar. Gyrgyzystanyň Gümrük gullugy bu tapawudy tassyk etdi we iberişleriň esasy böleginiň ýörite bond zolaklarynyň üsti bilen geçirilendigini hem-de üçünji ýurtlardan gelen altyndan ybarat bolandygyny düşündirdi.

Häkimiýetler altynyň gelip çykan ýurduny-da, onuň geçirilmeginiň aňyrsynda duran kompaniýalary-da mälim etmediler. Gyrgyzystanyň daşary söwda statistikasynda bu iberişleriň yzlary diýen ýaly görünmeýär.

Bu şübheler Merkezi Aziýa üçin nähili netijelere getirip biler?

Fiziki altyn gymmatly we likwid aktiw bolmagyny dowam etdirýär. Emma onuň halkara söwdasy üçin metalyň gelip çykyşy, üpjünçilik zynjyrynyň aýdyňlygy we bazara gatnaşyjylaryň ynamy örän möhümdir.

Eger halkara düzgünleşdiriji edaralarda çig malyň gelip çykyşy ýa-da belli bir kärhana babatda nägilelik ýüze çyksa, bu onuň iň iri bazarlara çykmak mümkinçiligini çäklendirip biler.

Munuň mysallary hem bar: Ukraina garşy uruş başlanandan soň Russiýanyň alty sany affinaž kärhanasynyň “Good Delivery” statusy togtadyldy.

Altyn bazary üçin bu statusyň ähmiýeti örän uludyr: ol önümiň dünýäniň iň iri altyn bazarlarynyň biri bolan Britaniýa bazarynyň standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu statusyň ýitirilmegi altyny asla satyp bolmajakdygyny aňlatmaýar, emma alyjylaryň sanyny düýpli azaldýar we çykdajylary ýokarlandyrýar.

Şeýle ýagdaýda öndürijiler başga bazarlary we satuw kanallaryny gözlemeli bolýarlar.

Şeýle-de bolsa, sebit ýurtlary üçin altyn meselesinde gürrüň diňe birnäçe tapgyr guýma barada däl. Gazagystan özünde öndürilen altyny ätiýaçlyklary üçin satyn alýar. Özbegistan halkara aktiwleriniň uly bölegini altynda saklaýar. Gyrgyzystan üçin altyn gazyp alyş eksport girdejileriniň esasy çeşmeleriniň biri bolmagynda galýar. Täjigistan hem ätiýaçlyklarynda altynyň paýyny kem-kemden artdyrýar. Şonuň üçin esasy mesele diňe Merkezi Aziýanyň näçe altyn gazyp çykarýandygynda däl. Esasy sorag: dünýä bazary bu altynyň hakykatdan nireden gelendigine ynanyp bilermi?

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG