Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň soňky halypa


Aşyrmämmet Dawudow
Golaýda XX asyryň türkmen halypa bagşylarynyň iň soňkusy Aşyrmämmet Dawudow biziň aramyzdan gitdi.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally Aşyrmämmet aganyň ömür hem döredijilik ýoly barada aşgabatly şahyr hem ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.

H. Hally:
Aşyrmämmet aganyň aýdymlary liriki äheňlidi, joşgunlydy hem baharyň gülleri ýaly açykdan gelen öwüşginlidi. Eger ýalňyşmasam, biz iň soňky halypany ýitirdik öýdýän?

A. Bugaýew: Rast aýdýaňyz. Ine, ikimiz sütün halypalaryň biri Sahy Jepbarowyň o dünýä göç edenine şaýat bolduk. Onuň ölümi türkmen adym-saz sungatynda öwezini dolup bolmajak boşluk döretdi. Ýöne aýdym-saz sunýaty halypasyz galmandy. Şo döwürde Ödeniýaz Nobat, Nurberdi gul, Ilaman Anna, Aşyrmämmet Dawut, Mäne Gara ýaly ussatlar biziň aramayzdady. Aşyrmämmet Dawut türkmen aýdym-saz sungatynyň iň soňky eýeli gädigidi.

H. Hally: Bizde “Adam edenini adam eder” diýen bir söz bar. Ýöne ussatlar babatynda beýle bolmajak eken. Aşyrmämmet aganyň ömür ýoly barada aýdyp beräýseň, sen oňa beletlerden biri.

A. Bugaýew: Bu ýerde aýdyňlaşdyrmaly bir ýagdaý bar. Aşyrmämmet aga aslynda Balkangulynyň ogly bolup, 1926-njy ýylda doglupdy. Balkanguly aga dogany Dawudyň perzendi ýokdugy üçin, Aşyrmämmedi oňa ogullyga berýär. Dawut aga çaga özüne hem aýalyna höwrügenden soňra, dört ýaşly Aşyrmämmede dogluş hakyndaky şahadatnamany alýar. Onuň “çaganyň atasy we enesi” diýen ýerine özüniň we aýalynyň adyny ýazdyrýar.

H. Hally: Onuň aýdym-saz sungatyna başlan döwürleri nähili boldy. Sebäbi “owal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, bagşy-sazandalygam köplenç maşgala däplerinden gözbaş alyp gaýdýar.

A. Bugaýew: Dutara, aýdym-saza Aşyrmämmet ir, çagalygyndan höwrügýär. Ol Saryhan Sapanyň “Amanmy” diýen aýdymynda gelýän Gulat şahyryň agtygy ýa-da çowlugy bolmaly. 1938-nji ýylda ezber bagşy Soltan Atanepesow Gazanjyga göçüp gelýär hem Medeniýet öýüniň ýanynda bagşylar kružogyny döredýär. “Soltan akga” ady bilen tanalan ol ynsan 40-60-njy ýyllar agalygynda şol etrapda eli dutar tutanyň halypasy bolupdy. Soňra Aşyrmämmet aga-da şol Medeniýet öýünde bagşylar toparyna ýolbaşçylyk etdi.

H. Hally: Aşyrmämmet Dawudyň bagşylyk ýoly barada aýtsak, ol şol töwerekdäki başga bagşylara, meselem, Nurberdi Gula meňzemeýär. Onuň bagşyçylyk ýolunyň aýratynlygy nämeden ybarat?

A. Bugaýew: Ol ýomut-gökleň bagşyçylyk ýoluny dowam etdirdi. Bu ýol-da şaha-şaha böleklere bölünýär. Aşyrmämmet Dawut ondan Çowdur ýomudyň ýa-da halk arasynda aýdylyşy ýaly, Çowdur körüň ýoluny dowam etdiripdir.

H. Hally: Ýatlap geçsek, Aşyrämmet aga öňden belli bagşydy. Men entek oba oglanykam, 60-njy ýyllaryň başynda ony täze döredilen sowet aýdymlaryny, aýratynam komsomol-ýaşlar barada aýdymlary aýtmaýanlykda metbugatda tankyt edipdiler. “Näme ol komsomolyň bagşysymy?” diýýän oba adamlarynyň nägileligi munuň ýatda galmagyna sebäp bolupdy. Soňra Gazanjyga baranymda, çeper edebiýatyň hem aýdym-sazyň janköýeri Hydyr Kiçjikow Aşyrmämmet bagşy barada örän geň hem ýakymly zatlar aýdyp beripdi. Men şonda bu bagşynyň halk arasynda sarpasynyň gaty ýokarydygyna göz ýetirdim. Şol wagtyň özünde onuň töweregindäki bagşylar Saryhan Sapa hiç bir günäsiz gysylyşa sebäp boldy. Molla Çäkli gadagançylyga düşdi. Aşyrmämmet aganyň töwerek-daşyna garaýşy nähilidi?

A. Bugaýew:
Aşyrmämmet halypanyň türkmen iline, onuň bagşyçylyk ýollaryna, öz kärdeşlerine hormat-söýgüsi uludy. Öňräk Mäne Garanyň gyjakçysy Çary çepbe aradan çykdy. Şo günler bilagrydan, ýene gaýry dertlerden ejir çekýänem bolsa, Aşyrmämmet aga gazanjykly bagşy Hallyýew bilen uly ýola çykyp, ýük maşynyna münüp, Çary çepbäň aýadyna gelipdi. Saryhan Sapa barada aýtsak, ony “ogluňy sünnetledipsiň” diýip, partiýadan öçürenlerinde, işden aýranlarynda, soňra “öňki aýalyň bilen aýrylyşyp, ikinji gezek öýlenipsiň” diýip, aýdymlaryna gadaganlyk girizilende, Aşyrmämmet halypa-da, beýleki bagşylaram ýeke goýmadylar. Molla Çäkli barada aýtsak, onuň aýdymlaryndan il-gün mahrum bolmasyn diýen niýet bilen ony ýaňadan ýazgy etdirdiler.

H. Hally: Biz Aşyrmämmet aga klassyk, häzirki dilde aýdanymyzda, nusgawy ussat diýýäris. Nusgawy bolmak üçinem nusgalyk eser gerek. Şu ugurda Aşyrmämmet agadan näme miras galdy?

A. Bugaýew:
“Jereni kyblam”, “Bibi jany”, “Akmeňli”, “Ogulbeg”, “Haraýym, Döndi”, “Göwnüm seni”, “Dilber”, “Döneýin”, “Al sakar at”, “Höwäsem”, “Tapylar” ýaly onlarça aýdym galdy. Onuň gyzy Aýtäç atly bagşy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, ogly Baýrammämmet ýurda belli ussat gyjakçy. Agtyk-çowluklarynyň arasynda-da onuň kesbini dowam etdirýänler bar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG