Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti welaýat prokurorlarynyň ýerini çalşyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň bäş welaýatynyň prokurorlarynyň ýerini çalşyrmak bilen, prokuratura organlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada karar kabul etdi.

29-njy martda gol çekilen karara görä, Bekmyrat Bekmyradow Ahal welaýatynyň prokurorlugyndan Mary welaýatynyň prokurorlugyna, Dörtguli Kösäýew Marydan Balkana, Agamyrat Aşyrow Balkandan Lebaba, Möwlamberdi Garaýew Lebapdan Daşoguza, Nyýazmämmet Arrykow Daşoguzdan Ahala geçirildi.
XS
SM
MD
LG